Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Harby parada taýýarlanýan esgerleriň arasynda ýarawsyzlyk köpelýär

Harby parada taýýarlanýan esgerleriň arasynda ýarawsyzlyk köpelýär

Türkmen goşuny Garaşsyzlygyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly harby parada taýýarlanýar. Dabaraly ýörişlere çekilýän harbylaryň arasynda tapdan düşýän, syrkawlaýan esgerler köpelýär.

Şu günler Türkmenistanyň harby edaralarynyň, şol sanda Goranmak ministrliginiň harby okuw mekdepleriniň hem-de käbir gorag polklarynyň harby serkerdeleri we esgerleri Aşgabadyň etegindäki Bekrewe harby şäherçesinde harby parada taýýarlyk görýärler.

Dabaraly ýöriş mynasybetli Balkan welaýatynda ýerleşýän Balkanabat Gorag polkundan, Harby-Deňiz Güýçleriniň “Garşy” harby birikmesinden hem-de Türkmenbaşydaky Harby-deňiz institutyndan 1000 töweregi harby gullukçy bir aý töweregi mundan ozal paýtagta getirilipdir.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň öwrenen maglumatlaryna görä, awgustyň yssy günlerinde bir aý töweregi wagt bäri dabaraly ýörişlere taýýarlanýan esgerleriň arasynda syrkawlaýan, tapdan düşýän harbylar köpelýär.

Türkmenistanyň günbatar sebitlerinde ýerleşýän harby edaralardan Aşgabada getirilip, parada gatnaşmaly edilen esgerleriň ep-esli bölegi gün urma, içgeçme ýaly saglyk meseleleriniň ýitileşmegi bilen Balkan welaýatyna ugradylypdyrlar we harby keselhanalara ýerleşdirilipdirler.

Dabaraly ýörişe çekilýän harbylaryň arasynda keselçiligiň artmagy harby ýolbaşçylary şowsuzlyga iteripdir.

Habarçymyzyň harby töwereklerdäki ygtybarly çeşmesiniň maglumatlaryna görä, esgerleriň arasynda saglyk meseleleriniň ýitileşmegi bilen baglylykda birnäçe harby serkerdelere Türkmenistanyň goranmak ministri tarapyndan “käýinç” yglan edilipdir.

“Garaşsyzlyk baýramy 27-nji oktýabrdan 27-nji sentýabra geçirildi. Şonuň üçin harby ýörişe taýýarlyk çäreleri awgust aýyna gabat gelýär. Dabaraly ýörişe gatnaşýan esgerler 45 gradus yssy howada, günüň aşagynda parada taýýarlanmaly boldular. Munuň netijesinde, bir topar saglyk problemalary ýüze çykýar. Günüň aşagyndaky taýýarlyklar adamlary kesel edýär” diýip, ýagdaýdan habarly harby çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçymyzyň öwrenen maglumatlaryna görä, sebit garnizonlaryndan getirilen harbylar Bekrewe Harby şäherçesinde çadyr gurup ýaşaýarlar.

“Esgerleriň ýaşaýyş şertleri agyr” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Harby parada gatnaşýan ähli harbylar Bekrewe Harby şäherçesinde bolýarlar. Harby serkerdeler saglyk ýagdaýlary ýüze çykan halatynda öz harajatlarynyň hasabyna saglygyny bejertmeli bolýarlar.

Türkmenistan 27-nji sentýabrda Garaşsyzlyk gününiň 32-nji ýyl dönümini baýram edýär. Öňki ýyllarda garaşsyzlyk baýramy 27-nji oktýabrda bellenýärdi, ýöne 2017-nji ýylda bu sene duýdansyz we anyk sebäpleri jikme-jik aýan edilmezden 27-nji sentýabra geçirildi.

Türkmenistanyň hökümeti maý aýynda Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk işleri boýunça ýörite toparyň düzümini tassyklady. Medeniýet ministrliginiň edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasyny taýýarlap, Ministrler kabinetine tabşyrmaga borçly edildi.

Bu aralykda, Garaşsyzlyk baýramyna gabatlap, sentýabr aýynyň ahyrky hepdesinde Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisi hem geçirilýär.

Galyberse-de, baýramçylyk dabaralary, möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresi bolan halk mejlisi bilen bir hatarda 22-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 42 ýaşaýar. Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kulty dabaralandyrylýan ýurtda döwlet ýolbaşçylarynyň doglan günleri köplenç dabaraly bellenip geçilýär.

Häkimiýetler üçin şeýle möhüm seneleriň öňüsyrasynda, hususan-da paýtagt Aşgabatda awgustyň ahyrky hepdelerinde köpçülikleýin baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleri bat aldy. Medeniýet we sungat işgärleri baýramçylyk repetisýalaryny batlandyrdy. Şol bir wagtda, paýtagtda wagtlaýyn ýaşaýan we işleýän sebit ýaşaýjylary, içerki migrantlar köpçülikleýin öz ýaşaýan sebitlerine ugradylyp başlandy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýaňy-ýakynda paýtagtyň çäginde ýerleşýän ähli ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryny 27-nji sentýabrda geçiriljek baýramçylyk çärelerine çekmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri köpçülikleýin mejbury çäreler barada habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В отделении «Ломоносовское» МОК «Юго-Запад» прошли викторины и открытые чтения

Уже больше 2,5 млн россиян привились от клещевого энцефалита

По делу генерала Минобороны Юрия Кузнецова прошли обыски в Москве и Краснодаре

Электромашины в Ульяновске: летом – дешевле

Музыкальные новости

Искусство продвинутого анализа в спортивном прогнозировании

OpenAI готовит конкурента поисковику Google, но на базе ИИ

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Никакой магии! В спортивном прогнозировании не бывает безусловных выигрышных стратегий

Новости России

Могилы советских солдат в Таллинне готовят к переносу: куда, когда и сколько

По делу кадровика Минобороны проведены обыски по нескольким адресам

Депутат Голубев объяснил, зачем нужен центр отбора контрактников в Балашихе

Тувинской рок-группы «Хартыга» выступит в Хакасии

Экология в России и мире

Бурятский госцирк представил новое руководство: Театр и цирк, Россия и культура, дети

"Глория Джинс" открывает первые магазины Ready! Steady! Go!

Пермский край, Суксунский район

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Спорт в России и мире

Без защиты: как Медведев и Хачанов проиграли свои матчи в Риме

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

Теннисист Медведев может потерять свое место в рейтинге ATP

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Moscow.media

Краски севера IV

Смонтированы пролеты четырех мостов на трассе Дюртюли – Ачит в Пермском крае

Столичные сотрудники росгвардии задержали нетрезвого водителя

Еще 36 м надвижки на мосту через Каму







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *