Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabadyň iň gelim-gidimli bazarlarynyň biri häzir alyja ‘zar bolýar’

Aşgabadyň iň gelim-gidimli bazarlarynyň biri häzir alyja ‘zar bolýar’

Soňky birnäçe onýyllygyň dowamynda Aşgabadyň iň gelim-gidimli bazarlarynyň biri bolan Teke bazarynda şu günler alyjylaryň sany göz-görtele azaldy. Telekeçiler munuň sebäbini ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň pese gaçmagy bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji sentýabrda paýtagtdan maglumat berdi.

“Aşgabadyň alyjylar tarapyndan iň meşhur bazarlarynyň biri bolan Teke bazary häzirki wagtda adamlaryň örän seýrek barýan ýerine öwrüldi. Öňler öýlän sagat 12 töwereginde bazaryň içi adamdan hyryn-dykyn doly bolýardy. Häzirki wagtda bazaryň içi tas boşap dur” diýip, habarçymyz aýtdy.

Bazara aýlanyp gören habarçymyzyň sözlerine görä, bazaryň onlarça söwda tekjesinden düzülen bäşden gowrak uzyn hatarlarynyň her birinde iň köp üç ýa-da dört alyjyny görse bolýar.

Hatarlaryň käbirinde bolsa, alyjy asla göze ilmeýär. Şeýle-de, alyjylaryň tas ýoklugy we söwdanyň hem tas ýöremeýändigi sebäpli satyjylaryň birek-biregi bilen gürrüňdeş bolýan pursatlaryny synlasa bolýar.

Azatlyk esasan azyk önümleri satylýan bazarda ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň pese gaçmagy we onuň sebäpleri barada bazar administrasiýasyndan, ýerli söwda resmilerinden kommentariý alyp bilmedi.

Ýöne satyjylaryň we telekeçileriň ençemesi munuň sebäbini ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň ýygy-ýygydan gymmatlamagynyň arasynda, ilatyň güzeran eklenjiniň ýaramazlaşmagy we satyn alyjylyk ukybynyň pese gaçmagy bilen düşündirýärler.

“Her aýyň başynda, ýagny raýatlaryň zähmet we pensiýa haklaryny, şeýle-de döwlet kömek pullaryny alýan wagtynda, söwda birneme ganymat bolýar. Ýöne bu ýagdaý köpünden dört-bäş gün dowam edýär. Şondan soňra alyjylaryň sany ýene göz-görtele azalyp başlaýar. Bazara gelýän adamlar azyk harytlarynyň nyrhyny soraýarlar, ýöne olardan satyn alman, geçip gidýärler. Satyjylaryň köpüsi olara ‘gel, alsaň oňşup bereýin’ diýip seslenýär. Ýöne potensial satyjy ‘pulum az’ diýip, ýöremek bilen bolýar” diýip, bazardaky telekeçileriň biri gürrüň berdi.

Habarçymyz söwdanyň pesligi sebäpli köp telekeçiniň söwda tekjesiniň kärendesini goýbolsun edip, öz telekeçilik işini bes edýändigini hem belleýär.

“Muňa boş duran söwda tekjeleri hem şaýatlyk edýär. Bazaryň dürli böleginde söwda tekjeleriniň onlarçasynyň boşap durandygyny, olaryň hiç kim tarapyndan kärendesine alynmandygyny görse bolýar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Habarçymyz bazardaky azyk önümleriniň käbirleriniň bahalary barada hem maglumat berdi:

1 litrlik gaplanan ösümlik ýagy 18 manat,

1 kg tüwi 15-20 manat,

1 kg greçka 14 manat,

1 kg nar 14 manat,

1 kg towuk budy 16 manat,

1 kg ýeralma 6 manat 80 teňňe,

1 kg sogan 3 manat 80 teňňe,

1 kg birinji sort ýerli un 5 manat 70 teňňe,

1 kg ýokary hilli ýerli un 6 manat 20 teňňe,

1 kg daşary ýurt uny 8 manat,

1 kg pomidor 3 manat 80 teňňe,

1 kg üwelen et 60 manat (Içine kelle-baş aýagyň etinden hem goşulýar, alyjylar ysyndan şikaýat edýärler),

1 kg sygyr eti 60 manat,

1 kg goýun eti 45 manat,

1 kg kelem 5 manat bahalanýar.

Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary bazarlarda alyjylaryň göz-görtele azalýandygy barada soňky üç ýyl çemesi wagt bäri habar berip gelýärler. Ýöne olar soňky alty aý gowrak wagt bäri ýagdaýyň has-da ýaramazlaşandygyny aýdýarlar.

Bu wakalar, bazarlardan tapawutlylykda, döwlet dükanlarynda nobatlaryň yzynyň üzülmeýän, esasan un we çöregiň üstünde basa-baslyklaryň ýygy-ýygydan ýüze çykýan mahalyna gabat gelýär.

Türkmen häkimiýetleri zähmet haklarynyň her ýyl 10% köpeldilýändigini we bu karara ýurduň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen gol çekilýändigini aýdýarlar. Ýöne resmiler her ýyl durmuşyň, harytlaryň näçe gymmatlandygy, manadyň hümmeti we infilýasiýanyň derejesi baradaky anyk maglumatlary aýtmaýarlar.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

ООО «Кофе Плюс» — лидер изменений в сфере воспитания школьников

Институт экономики города и СберИндекс впервые исследовали доступность жилья в более чем 700 городах России

В Мытищах наградили лучших игроков, тренеров и специалистов хоккейной школы

Центр Московского долголетия поможет пенсионерам оформить субсидии и льготы на оплату ЖКУ

Музыкальные новости

Эвелина Блёданс: Солнечная сказка для солнечных детей

Россия, Бурятия, Культура и Дети: Байкальская театральная школа прошла в Иволгинском районе Бурятии

В Бурятии театр готовит премьеру о войне СССР и Монголии с Японией: Россия, Культура, Победа

В Калининграде впервые состоялись всероссийские соревнования по самбо «Кубок пяти морей»

Новости России

На Иви стали доступны вторые сезоны «Дракошии», «Улётной доставки» и «Тикабо»

«Сделать кожу чистой, свежей и молодой»: что такое энзимная пудра и для чего она нужна

Карьера в такси: как из водителя стать директором таксопарка

Российские ученые придумали лечить рак мозга во сне

Экология в России и мире

Страдания юного Аюша Булчун

С чем носить джинсовое платье этой весной: примеры образов

Стало известно, куда неожиданно и массово устремились российские туристы на майские: это оказался вовсе не обычный курорт, а работающий по специальному закону

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

Спорт в России и мире

Ангеліна Калініна поступилася восьмій ракетці світу Саккарі на турнірі WTA 1000 у Римі: результат

Теннисист Медведев может потерять свое место в рейтинге ATP

Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Moscow.media

Столичные росгвардейцы задержали мужчин, подозреваемых в хранении наркотиков

«Биржа грузоперевозок ATI.SU» запустила сервис «Выгодные направления»

Столичные сотрудники росгвардии задержали нетрезвого водителя

Россия, Культура, Дети: конкурс на новую эмблему обьявил Театр Ульгэр в Республике Бурятия







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *