Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Berdimuhamedow Duşenbede Aşgabadyň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda çykyş edip, Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklap, daşary ýurtly kärdeşlerine we wekiliýetleriň agzalaryna netijeli işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.


Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi. Onda taraplaryň giň gerimli hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanylýar.


Mundan başga, sammitiň çäklerinde Merkezi Aziýada ýerüsti ulaglaryň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak hakynda Ylalaşyga, Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň birinji duşuşygynyň Duşenbe beýannamasyna, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýaşlar syýasatynyň umumy ugurlary hakynda Ylalaşyga gol çekildi, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň işleri boýunça milli utgaşdyryjy geňeşi hakynda Düzgünnama kabul edildi.


Konsultatiw duşuşyk tamamlanandan soň Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy. Ol Duşenbä täjik lideriniň çakylygy boýunça geldi.


Onuň bu ýokary sylaga “Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostlugy, hoşniýetliligi, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde, ýurtlaryň bilelikdäki bähbitlerini we başlangyçlaryny halkara giňişlikde ösdürmekde bitiren ajaýyp hyzmatlary üçin mynasyp bolandygy” aýdylýar.


Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň bu gezekki sammitine Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew hem gatnaşdy. Ol bu çärä hormatly myhman hökmünde goşuldy.




 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *