Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

THF: Türkmenistanly Baýmyradow Türkiýeden ‘bikanun’ deport edildi

THF: Türkmenistanly Baýmyradow Türkiýeden ‘bikanun’ deport edildi

Türkmenistanly migrantlaryň ýene biriniň, ýagny Maksat Baýmyradowyň Türkiýeden deport edilendigi habar berilýär. “Türkmen Helsinki Fondunyň” bu baradaky 14-nji sentýabryndaky habarynda Baýmyradowyň “bikanun” ýagdaýda watanyna iberilendigi we onuň ol ýerde basyşlara duçar bolup biljekdigi bellenilýär.

Mary welaýatynda doglan, 30 ýaşly zähmet migranty Baýmyradow Internetde türkmen raýatlarynyň Türkiýede we Türkmenistanda ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary, olaryň hak-hukuklary barada çykyş edip, öz garaýyşlaryny ençeme gezek beýan edipdi.

Baýmyradow geçen aýyň ahyrynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň “Migrant.Media” proýektine beren interwýusynda özüniň ýaşamaga ygtyýarnamasynyň möhletiniň oktýabryň ortasyna çenli bardygyna garamazdan, iýunyň ortalarynda Stambulda saklanandygyny aýtdy.

Şonda ol polisiýada özüne ýaşamaga ygtyýarnamasynyň ýatyrylandygynyň aýdylandygyny, ýöne tussag edilmekden saklanandygyny hem gürrüň beripdi. “Migrant.Media” proýekti Baýmyradowyň bu interwýunyň yzysüre saklanandygyny habar berdi.

6-njy sentýabrda Türkiýede adam hukuklaryny gorap çykyş edýän türk raýdaşlyk guramasy “Mazlumlar” 1-nji sentýabrdan bäri Diýarbakyr şäherindäki deportasiýa merkezinde saklanýan Baýmyradow barada deport etmek kararyň kabul edilendigini mälim etdi.

“Baýmyradow Türkmenistana iberilse, [ol] ölüm, gynamalar we ýowuz daraşmak töwekgelçilikleri bilen ýüzbe-ýüz bolup biler. Şol sebäpli Baýmyradow hakynda çykarylan deport karary ýatyrylmalydyr” diýlip, maglumatda bellenipdi.

Emma bu çagyryşlarara garamazdan, “Türkmen Helsinki Fondunyň” maglumatyna görä, 7-nji sentýabrda Baýmyradow Diýarbakyrdan Erzurum şäherindäki deportasiýa merkezine geçirilipdir we birnäçe günden soň, şol ýerden Türkmenistana ugradylypdyr.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň deportasiýa merkezi bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary başa barmady.

Hukuk goraýjy topary Baýmyradowyň deportasiýa merkezlerinde saklanylan döwri aklawçylaryň ony yzyna ugratmak baradaky karary ýatyrmak ugrunda üstünlüksiz synanyşyklary edendiklerini hem belleýär. Türk resmileri bu baradaky degişli kararyny, hamala, Baýmyradowyň özüniň deportasiýa edilmegine garşy däldigi baradaky dokumente gol goýandygy bilen düşündiripdirler. Emma 5-nji sentýabrda Baýmyradow öz ýakynlaryna hiç hili dokumente gol goýmandygyny aýdyp, audio ýazgy ugratmagy başarypdyr. Ol öz tankydy çykyşlary üçin Türkmenistanda özünden ar alynmak howpunyň bardygyny nygtap, yzyna dolanmak islemeýändigini hem belläpdir.

Hukuk goraýjylar, Erzurumdaky deportasiýa merkezindäki öz çeşmelerine salgylanyp, Türkmenistanyň konsullyk işgärleriniň bu edara ýygy-ýygy gelýändiklerini we deportasiýa edilmeli türkmen raýatlarynyň gerekli dokumentlerini getirýändiklerini ýazýar.

Soňky ýyllarda daşary ýurtlarda öz syýasy we jemgyýetçilik garaýyşlaryny beýan eden ýa-da türkmen häkimiýetleri tarapyndan yzarlanýan türkmenistanlylaryň daşary döwletlerden deportasiýa edilmegi we Türkmenistanda ýitirim edilmegi bilen bagly ýagdaýlar wagtal-wagtal peýda bolýar.

Türk häkimiýetleri, Rejep Taýýyp Erdoganyň 28-nji maýda täze bäş ýyl möhlet bilen prezidentlige saýlanmagynyň we täze içeri işler ministri Ali Ýerlikaýanyň 4-nji iýunda wezipä girişmeginiň yzysüre, ýurtda bikanun ýaşaýan migrantlara garşy geçirýän reýdleriniň gerimini güýçlendirdiler.

Türkiýede soňky üç aýda geçirilen reýdlerde 75 müň bikanun zähmet migrantynyň saklanandygy, olaryň 32,5 müňüniň eýýäm deportasiýa edilendigi resmi taýda mälim edildi.

Türk häkimiýetleri tussag we deport edilen on müňlerçe migrantyň haýsy ýurtlaryň raýatlarydygy barada häzire çenli aç-açan maglumat bermeýärler. Ýöne olaryň arasynda türkmenler hem bolup, Türkmenistan geçen aýyň başynda Türkiýeden deport bolan müňden gowrak raýatyny ýurda getirdi.

Garaşsyz neşirler olaryň arasynda türkmenistanly raýat aktiwistleriniň hem bardygyny habar berip gelýärler.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri Türkiýede on müňlerçe türkmen migrantynyň duçar bolýan ýagdaýlary, olaryň Türkmenistana deport edilmegi we ýurtda ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada kelam agyz söz aýtman gelýärler.

Azatlygyň ýurduň Türkiýedäki ilçihanasyndan we Stambuldaky konsulhanasyndan telefon arkaly kommentariý almak synanyşyklary hem oňyn netije tapmaýar.

Bu aralykda, Türkmenistandaky habarçylarymyz ýurtda, hususan-da Balkanda Türkiýeden deport edilip, watanyna dolanan raýatlaryň sanynyň göz-görtele köpelendigini we olaryň kanun goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan yzarlanyp, yzygiderli sorag edilýändigini habar berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Сегодня в Витебске началось отключение горячей воды

Воробьев: методику обеспечения сирот жильем улучшат в Подмосковье

Участок в районе Строгино отдают под комплексное развитие

Почти 120 тыс. человек отпраздновали День Победы в парках Подмосковья

Музыкальные новости

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» правит миром, расшифровал «ДНК В.И.Ленина», отменяет налоги. И… отключает институты времени. Разгадка «научных теорий заговоров».

Пензенская область вошла в число 10 регионов, где «Пятерочка» и Российский Красный Крест запустили пилотный проект «Уголки здоровья»

Национальный конгресс по регенеративной медицине впервые пройдет в Санкт-Петербурге: ученые и врачи обсудят достижения и перспективы развития регенеративной биомедицины

Сергей АРУТЮНОВ на своём сольном концерте в Государственном Кремлёвском Дворце презентовал дуэт с Родионом Газмановым. Артисты вместе исполнили хит “Люси”

Новости России

Задержания в клинике хирурга Хайдарова: в чем обвиняют врачей

В Москве пройдут гастроли Кинешемского драматического театра имени А.Н. Островского

Подмосковье представило инвестпроекты на выставке «ГОСЗАКАЗ»

Власти Швейцарии упростили процедуру включения армии в военные конфликты

Экология в России и мире

Пермский край, Суксунский район

Сергей АРУТЮНОВ на своём сольном концерте в Государственном Кремлёвском Дворце презентовал дуэт с Родионом Газмановым. Артисты вместе исполнили хит “Люси”

Делаем образ стильным при помощи одной яркой детали

Студенты городских образовательных учреждений проходят практику в Marins Park Hotel Новосибирск

Спорт в России и мире

Соболенко вышла в полуфинал турнира WTA в Риме

Азаренко вышла в четвертьфинал турнира WTA-1000 в Риме

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

Moscow.media

Краски севера V

Столичные сотрудники росгвардии задержали нетрезвого водителя

«Байкал Сервис» открыл новый терминал площадью почти 4500 кв. м на юго-востоке Москвы

Столичные росгвардейцы задержали молодую распространительницу наркотиков







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *