Mask X-iň ähli ulanyja “kiçiräk aýlyk tölegini” töledip biljekdigini aýdýar
Onlaýn platformasy bolan X özüniň ähli ulanyjysy üçin aýlyk töleglerini girizip biler diýip, onuň eýesi Elon Mask botlary azaltmak zerurlygyna salgylanyp aýtdy.
Tehniki tüçjar, geçen ýylyň oktýabr aýynda “Twitter” diýlip atlandyrylýan platformany 44 milliard dollara saýt alaly bäri, bir topar üýtgeşiklik girizdi.
Ol müňlerçe işgäri işinden boşatdy, tölegli premium mümkinçiligini hödürledi, mazmun moderasiýasyny azaltdy we ozal gadagan edilen hasaplary, şol sanda ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trampyň hasabyny dikeltdi.
Mask iýul aýynda bu platformanyň mahabat girdejisiniň takmynan ýarysyny ýitirendigini aýtdy.