Derňew: Lukaşenkanyň soňky ýaşaýyş jaýyna 14 million dollar harçlandy
BelPol toparynyň derňew hasabatyna görä, Belarus Minskde bir binany uzak wagt bäri ýurdy dolandyrýan Alaksandr Lukaşenka üçin ýene bir ýaşaýyş jaýyna öwürmek üçin 14 million dollardan gowrak serişde sarp edipdir.
Belarusyň hukuk goraýjy edaralarynyň öňki işgärlerinden durýan derňew toparynyň 18-nji sentýabrda “YouTube” kanalynda çap edilen hasabatynda aýdylmagyna görä, ozal lukmançylyk edarasy bolan we Lukaşenkanyň ofisiniň we Minskiň merkezindäki beýleki resmi binalaryň golaýynda ýerleşýän dört gatly bina kaşaň ýaşaýyş jaýyna öwrüldi.
Derňewçileriň berýän maglumatlaryna görä, Belarusyň awtoritar hökümdarynyň ýurtda azyndan 17 rezidensiýasy bar.