Azerbaýjan Dagly-Garabag çäreleriniň 'üstünliklidigini' aýdýar, BMG we beýlekiler saklanmaga çagyrýar
Azerbaýjan Dagly-Garabagda bir gün öň başlanan we esasan etnik ermenilerden durýan bölüniji sebitde onlarça adamy öldüren duşmançylygyň bes edilmegi barada BMG, Günbatar güýçleri we Russiýa tarapyndan edilýän çagyryşlara garamazdan, harby operasiýalaryny dowam etdirmek niýetini görkezýäne çalym edýär.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 20-nji sentýabr güni irden, öz häsiýetlendirmelerine görä, zyýankeşleri nyşana alýan we "terrorçylyga garşy operasiýa" hökmünde görkezilen çäreleriň "üstünlikli" dowam edýändigini aýtdy.
Şu aralykda, halkara jemgyýetçiliginiň iki kawkaz ýurdunyň arasynda uzakdan gelýän we eýýäm iki urşa sebäp bolan konfliktiň täzeden ýitileşmeginiň öňüni almak tagallalarynyň arasynda,BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi 21-nji sentýabrda gyssagly ýygnak meýilleşdirdi.
Habarlarda aýdylmagyna görä, operasiýanyň ilkinji gününde 30 töweregi adamyň öldi, ýüzlerçe adam ýaralandy we ejir çekenleriň arasynda çagalaryň hem bardygy aýdylýar.
"Baş sekretar söweşiň, de-eskalasiýanyň derhal bes edilmegine, 2020-nji ýyldaky ýaraşygyň we halkara ynsanperwer kanunynyň ýörelgeleriniň berk berjaý edilmegini talap edýär" diýip, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterresiň metbugat sekretary Stefan Dujarric aýtdy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 19-njy sentýabr güni giçlik iki ýurduň ýolbaşçylary bilen telefonda gürleşdi.
Döwlet departamenti Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewi Azerbaýjanyň territoriýasy hökmünde halkara derejesinde ykrar edilen Dagly-Garabagda başlanan harby operasiýalary haýal etmän togtatmaga we gepleşiklere gaýdyp gelmäge çagyrandygyny aýtdy. Günbatar bilen bir hörpden gopmasyny barha azaldýan Moskwa hem iki tarapy zorlugy bes etmäge çagyrdy.
Top atyşygy Baku, öz sözleri bilen aýdylanda, "ermeni sabotaž toparlary" diýilýän topary Dagly-Garabagyň Russiýanyň parahatçylygy goraýjy güýçleriniň gözegçiligi astyndaky sebitlerinde azyndan dört harby işgäri we iki parahat ýaşaýjyny öldüren iki sany aýry-aýry partlamada günäkärläninden soň başlandy.