Türkmen prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 19-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi.
TDH onuň sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurduň ileri tutulýan garaýyşlaryny, şeýle-de ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlaryny beýan edendigini habar berýär.
“Köp sanly sebäplere görä, häzirki zaman dünýäsi örän düýpli wehimleriň birnäçesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar” diýip, Berdimuhamedow öz çykyşynda jogapkärçilik meselesine ünsi çekdi we ählumumy gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça ylalaşylan ösüş meýilnamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýaramaz täsir edýän ýagdaýlaryň ählumumy howpsuzlygy weýran edip biljekdigini duýdurdy.
“Şundan ugur alyp, Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bir-birinden aýrylmazlygy ýörelgesini berk we durnukly goraýar. Biz harby we syýasy howpsuzlyga ykdysady, ekologik, tehnogen, energetika, ulag, azyk, biologik, maglumat howpsuzlygyndan aýrylykda seredip bolmajakdygyna ynanýarys. Sanalyp geçilen ugurlaryň hiç biri ikinji derejeli ýa-da möhüm däl bolup bilmez, olary çözmegi bolsa has giçki möhlete goýup bolmaz” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.