Täjigistanda alnyp gaçylan türk raýatynyň Türkiýä getirilendigi aýdylýar
Türk metbugaty 28 ýyl Täjigistanda ýaşan türk raýatynyň 16-njy sentýabrda, näbelli adamlar tarapyndan alnyp gaçylyp, Duşenbeden Türkiýä getirilendigini, onuň bu ýurtda gadagan edilen Gülen hereketi bilen baglanyşygy sebäpli gözlenilendigini aýdýar.
Täjigistanyň paýtagtyndaky Täjik döwlet uniwersitetinde iňlis dilini öwrenen Wural bu ýurtda köp ýyllap mugallym bolup işledi. Soňra ol Duşenbe şäherinde “Ozyurt” atly restoran açdy.
Garyndaşlarynyň aýtmaklaryna görä, ol dynç güni naharhananyň golaýynda birnäçe adam tarapyndan alnyp gaçylypdyr.
Türk resmileri Inandini ABŞ-da ýaşaýan türk ruhanysynyň, türk lideri Rejep Taýyp Erdoganyň öňki ýakyn dosty Fethullah Guleniň ýolbaşçylygynda döredilen Gülen hereketiniň Merkezi Aziýadaky ýokary derejeli lideri diýip atlandyrdylar.