Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Berdimuhamedow BMG-de çykyş etdi, "Merkezi Aziýa – ABŞ" prezidentler sammitine gatnaşdy

Berdimuhamedow BMG-de çykyş etdi,

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 19-njy sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde söz sözledi. Şeýle-de, Nýu-Ýork wagty bilen günüň ikinji ýarymynda Birleşen Ştatlaryň Birleşen Milletler Guramasyndaky missiýasynda C5+1 formatynyň çäklerinde geçirilen “Merkezi Aziýa – ABŞ” prezidentler sammitine gatnaşdy.

Türkmenistanyň döwlet metbugatyna görä, bäş Merkezi Aziýa ýurdunyň hem-de Birleşen Ştatlaryň prezidentler sammiti “meseleleriň giň toplumyny, şol sanda sebit howpsuzlygy, söwda we özara baglanyşyk, howanyň üýtgemegi hem-de dolandyrmagy gowulandyrmak we kanunyň ileri tutulýandygyny üpjün etmek maksady bilen, dowam edýän özgertmeler bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik boldy”

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Jo Baýden Merkezi Aziýa prezidentleri bilen geçirilen ilkinji duşuşygy “taryhy pursat” atlandyrdy hem-de Merkezi Aziýa bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özygtyýarlylyga, garaşsyzlyga we territorial bitewilige bolan umumy ygrarlylyga esaslanýandygyny aýtdy.

Merkezi Aziýa döwletleri bilen ABŞ-nyň arasyndaky C5+1 köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formaty 2015-nji ýylda ýola goýuldy. Soňky sekiz ýylyň dowamynda bu diplomatik meýdança yzygiderli giňeldildi.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 19-njy sentýabrda irden Birleşen Milletler Guramasynda eden çykyşynda azyk howpsuzlygyndan halkara parahatçylygyna, howanyň üýtgemeginden BMG-niň ähmiýetine çenli dürli ugurlardaky köp sanly meseleler toplumyna ünsi çekdi.

Ykdysadyýeti esasan gazylyp alynýan ýangyç serişdelerine garaşly galýan we soňky ýyllarda nebit-gaz desgalaryndan syzylyp çykýan köp mukdardaky metan zyňyndylary bilen öňe saýlanýan Türkmenistanyň prezidenti milletler birleşiginde sözlän sözünde öz ýurdunyň howa we ekologiýa meselelerini çözmegi möhüm hasaplaýandygyny aýtdy.

“Biz dünýä bileleşiginiň metan babatda ählumumy borçnamany amala aşyrmak boýunça tagallalaryny goldaýarys” diýip, prezident Berdimuhamedow aýtdy we Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmegi teklip etdi.

Ol öz çykyşynda häzirki zaman dünýäsiniň düýpli wehimler bilen ýüzbe-ýüz galýandygyny we munuň bilen baglylykda BMG-ni howpsuzlygyň bölünmezlik ýörelgelerini üpjün etmäge çagyrdy.

“Biz harby we syýasy howpsuzlyga ykdysady, ekologiýa, tehnogen, energetika, ulag, azyk, biologiýa, maglumat howpsuzlygyndan aýrylykda seredip bolmajakdygyna ynanýarys” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Ol häzirki dünýä tertibinde BMG-niň ähmiýetine ünsi çekip, bu guramanyň ýerini tutup biljek başga edaranyň ýokdugyny nygtady. Prezident öz çykyşynda BMG-niň orny baradaky çekişmeleriň hem-de ony özgertmek baradaky teklipleriň bu Guramanyň ýerini tutjak edaranyň ýokdugyny görkezendigini aýtdy.

Sebit howpsuzlygy barada aýdylanda, türkmen prezidenti Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda howpsuzlyk boýunça Maslahaty döretmek teklibini öňe sürdi.

Türkmenistanda azyk howpsuzlygy bilen bagly dowam edýän aladalaryň arasynda, prezident Berdimuhamedow öz çykyşynda Aşgabat şäherinde azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumyna çagyrmak başlangyjy bilen çykyş etdi.

Türkmenistanyň prezidenti öz çykyşyny görnükli türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň “Adamzat” goşgusy bilen tamamlady.

“Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz / Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat”

Serdar Berdimuhamedow özünden öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowdan ýa-da ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowdan tapawutlylykda, milletler birleşiginde rus dilinde däl, iňlis dilinde çykyş etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Сотрудники Росгвардии задержали в Новой Москве 18-летнюю распространительницу наркотиков

Врач Соломатина: пожилым людям опасно есть много фруктов

Камский кабель сертифицировал кабели для исследования нефтяных и газовых скважин

Участок ЦКАД в районе Истры в Подмосковье перекрыт из-за ДТП

Музыкальные новости

Звезды спорта. Кто они такие и почему их так называют?

Дмитрий Бикбаев готовит премьеру театрального проекта, основанного на личных переживаниях

Национальный конгресс по регенеративной медицине впервые пройдет в Санкт-Петербурге: ученые и врачи обсудят достижения и перспективы развития регенеративной биомедицины

Инсайты, стратегии и нетворкинг для профессионалов: 21 июня пройдет ежегодный форум «Спорт и Бизнес»

Новости России

Муниципальный этап конкурса «Безопасное колесо» прошел в Мытищах

Врач Соломатина: пожилым людям опасно есть много фруктов

«Россия и не подумает вмешиваться»: в Турции назревает военный переворот

Культурно-спортивный центр «Чайка» сдан в районе Хамовники

Экология в России и мире

Стало известно, куда неожиданно и массово устремились российские туристы на майские: это оказался вовсе не обычный курорт, а работающий по специальному закону

Пермский край, Суксунский район

Дети из Узбекского землячества Бурятии увидели театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Бурятский госцирк представил новое руководство: Театр и цирк, Россия и культура, дети

Спорт в России и мире

Новак Джокович низко оценил свою готовность к «Ролан Гаррос» и Олимпиаде-2024

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима

Moscow.media

Краски севера IV

Столичные сотрудники росгвардии задержали нетрезвого водителя

Военные следственные органы Следственного комитета Российской Федерации отмечают 157-ю годовщину образования

Под зеленым куполом







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *