Türkmen prezidenti ABŞ-nyň prezidentiniň howa wekili bilen duşuşdy
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ saparynyň çäklerinde ABŞ-nyň prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerri bilen duşuşdy diýip, türkmen metbugaty hiç bir jikme-jikligi açmazdan habar berýär.
Duşuşykda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.
Türkmenistan “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek strategiýasyny durmuşa geçirip, dürli pudaklara ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär diýip, habarda bellenýär.
Şeýle-de, habarda ABŞ-nyň prezidentiniň ýörite wekiliniň Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işine ýokary baha berendigi aýdylýar.
Türkmenistan howa goýberýän zyýanly gazlarynyň mukdarynyň aşa köp bolmagynda tankyt edilýär.