Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty geçirildi
20-nji sentýabrda Aşgabat şäherindäki “Mekan” köşgünde, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty geçirildi, birleşigiň işjeň agzalary "Ynsanperwerligiň sarpasy" nyşany bilen sylaglandy.
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahata Russiýada, Eýranda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Germaniýada, Türkiýede, Saud Arabystanynda, Gazagystanda, Täjigistanda, Owganystanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar.
Şeýle-de maslahata Halk maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Birleşigiň Türkmenistandaky şahsy we köpçülikleýin agzalary, daşary ýurt wekilleri, ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýurduň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary hem-de talyplar, döredijilik işgärleri gatnaşdylar.
1991-nji ýylyň maý aýynda döredilen birleşik taryhy Watanyndan uzaklara düşen türkmenleri jebisleşdirmek ugrunda zerur tagalla edýän abraýly halkara gurama öwrüldi diýip, habarda aýdylýar.
Emma türkmen hökümetiniň tankytçylary dünýäniň dürli ýerlerinde ýaşaýan türkmenleri taryhy watanlary bilen ysnyşdyrmak üçin orta atylan ideanyň soň ýurtda döredilen şahsyýet kultunyň bähbitlerine hyzmat etdirilendigini, netijede bu birleşigiň başga pikirli türkmenleri ýanamak, ýurtdan çetleşdirmek üçin ulanylýan syýasy gurala öwrülendigini aýdýarlar.