Aşgabat Pekine sekiz aýda $6,63 milliardlyk gaz satdy
Bu görkeziji, habarda bellenmegine görä, Türkmenistanyň Hytaýa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% kän tebigy gaz satandygyny aňladýar.
Aşgabat Pekine Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça gurlan üç geçiriji arkaly gaz iberýär.
Emma synçylar, türkmen ýangyjynyň daşary ýurtlara satylmagyndan alynýan girdejileriň türkmenistanlylaryň umumy durmuş abadançylygynyň gowulanmagyna peýda etmeýändigini, ýurtda azyk gytçylygynyň dowam edýändigini, durmuşyň ýönekeý adamlar üçin hemişe gymmat bolmagynda galýandygyny aýdýarlar.
Türkmen häkimiýetleri gazdan, beýleki baýlyklardan alynýan altyn pul girdejileriniň harçlanyşy barada ilata wagtly-wagtynda we açyk, barlap bolýan hasabatlary bermeýärler.