Gazak kazyýeti hindi studentini alyp gaçan bäş özbegistanla ýyl kesdi
Gazagystanyň kazyýeti 21-nji sentýabrda Özbegistanyň bäş raýatyny noýabr aýynda hindistanly bir studenti alyp gaçmakda günäli tapyp, ýedi ýyldan sekiz ýyla çenli aralykda azatlykdan mahrum etdi.
Şeýle-de, merkezi Garagandy şäherindäki kazyýet günäkärlenýänlere Goswami Prafful Purä 2 million teňňe (4200 dollar) tölemegi buýurdy.
27 ýaşly pidanyň aýtmagyna görä, alyp gaçanlar ony Garagandydan Gazagystanyň paýtagty Astana getiripdirler we boşadylmagy üçin 200 000 dollar talap edipdirler.
Puri olaryň elinden gaçyp gutulmagy başardy we derrew polisiýa ýüz tutdy.