Siriýadaky ekstremist toparlaryň hatarynda söweşen gazak erkegine alty ýyl berildi
Şahsyýeti aýan edilmedik erkek "iýun aýynda, daşary ýurt gulluklarynyň kömegi bilen, Siriýada tussag edildi" we Gazagystana geçirildi.
Soňky ýyllarda ýüzlerçe gazak raýaty “Yslam döwleti” toparyna we Siriýadaky beýleki ekstremist toparlara goşuldy.
2018-nji ýyldan bäri, esasan aýallardan we çagalardan ybarat bolan gazak raýatlarynyň 742 sanysy, döwlet programmasy esasynda Gazagystana gaýdyp geldi.