Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 32-nji ýyl dönümi mynasybetli yglan edilen günä geçişlikde 1 müň 180 raýat tussaglykdan boşadyldy. Ozalky bendileriň ençemesi günäsi geçilenleriň sanawyna düşmek üçin, türme resmilerine müňlerçe dollar para töländikleri barada Azatlyga gürrüň berdiler.