HRW Daşkendi garagaplak žurnalisti Täjimuratowyň howpsuzlygyny üpjün etmäge çagyrýar
HRW 26-njy sentýabr güni giçlik Tajimuratowyň aklawçysy Sergeý Maýorowa salgylanyp, onuň müşderisiniň hukuklarynyň "türme tussaglygynda saklanýan wagtynda" bozulýandygyny aýtdy.
Maýorowyň maglumatyna görä, onuň müşderisi ýeterlik derejede saglyk gözegçiligi we azyk bilen üpjün edilmedi.
Ol Täjimuratowyň türme kitaphanasyna ýa-da metbugat serişdelerine elýeterliliginiň ýokdugyny, bir adamlyk kamerada saklanylýandygyny, türme resmileriniň oňa iş bermekden ýüz öwürýändigini we bu ýagdaýyň ony beýleki tussaglardan has-da çetleşdirýändigini aýtdy.
"Täjimuratow ep-esli derejede horlandy, tussaglyk şertleri onuň fiziki we ruhy saglygyna agyr täsir etdi" diýip, HRW Maýorowyň sözlerine salgylanyp çap eden beýanatynda aýtdy.