Öz-özüni jar eden Dagly-Garabag 1-nji ýanwarda ýatyrylar - Separatist lider
Şahramanian bu göçümiň Azerbaýjanyň 19-20-nji sentýabr aralygynda ýyldyrym çaltlygynda geçiren harby operasiýasy netijesinde dörän ýagdaý, sebitiň doly gözegçilik astyna alynmagy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.
Bu kararda Bakuwyň taraplaryň arasynda gelnen ýaraşyk ylalaşygy esasynda, Dagly-Garabagyň etniki ermeni ýaşaýjylarynyň, şol sanda "ýaraglaryny taşlan harby gullukçylaryň" “erkin, meýletin we çäklendirilmedik ýagdaýdaky geçişine” rugsat bermek barada beren wadasy hem bellenip geçilýär.