Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ermenistan Dagly-Garabagdaky partlamada 125 adamyň ölendigini aýdýar

Ermenistanyň saglyk ministri Anahit Awanesýan Dagly-Garabagda 25-nji sentýabrda bolan partlamada azyndan 125 adamyň ölendigini aýtdy.


Partlamada ejir çekenleriň 67 sanysy Ýerewandaky Milli ýanyk ýaralary merkezine ýerleşdirildi, olaryň köpüsiniň ýagdaýyna agyr we örän agyr diýlip baha berilýär.


Stepanakert (azerbaýjan ady Hankendi) şäheriniň golaýynda Ermenistana gitmekçi bolýan bosgunlara benzin berilýän ýangyç stansiýasynda bolan güýçli partlamada ilki 70 töweregi adamyň ýogalandygy habar berildi.


Deslapky maglumatlara görä, ýangyç ýükli awtoulag ýaryldy. Partlama nämäniň sebäp bolandygy häzirlikçe belli däl.


Azerbaýjan 19-njy sentýabrda on müňlerçe etniki ermeniniň ýaşaýan ýerinde, ykrar edilmedik Dagly-Garabag respublikasynyň çäginde özygtyýarlylygy dikeltmek üçin harby operasiýa başlady.


Ykrar edilmedik sebitiň ýolbaşçylary 20-nji sentýabrda Bakuwyň şertlerine boýun boldy.


Azerbaýjan häkimiýetleri Garabagyň ermeni ilatynyň gaýtadan birleşdirilmegi barada gepleşik geçirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.


Şu aralykda, Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýanyň metbugat sekretary Nazeli Bagdasarianyň 28-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, Dagly-Garabagdan Ermenistana jemi 65.035 adam gelip girdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *