Özbek žurnalistlerine ýapyk gapynyň arkasynda ýyl kesildi
Şaýhontohur etrap kazyýeti 26-njy sentýabrda günäkärlenýänleriň üçünjisine, Iş bilen üpjünçilik ministrliginiň öňki metbugat sekretary, žurnalist Mawjuda Mirzaýewa, talaňçylyk aýyplamasy esasynda bäş ýyl şertli tussaglyk jezasyny berse, beýleki günäkärlenýäni, Ahmadullo Ahmadjonowy jenaýat barada habar bermezlikde günäli tapyp, üç ýyl azatlykdan mahrum etdi.
Mirzaýewa bildirilen günäni bölekleýin boýun aldy, Hoşimow bolsa aýyplamalary ret etdi. Daliýewiň günäisini boýun alyp-almandygy belli däl, kazyýet seljermesi ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi.