Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Häkimiýetler Mawlid baýramy sadakalary üçin telekeçilere azyk, pul 'salgydyny' saldy

Häkimiýetler Mawlid baýramy sadakalary üçin telekeçilere azyk, pul 'salgydyny' saldy

Türkmenistanda häkimiýetler Mawlid baýramy, ýagny Muhammet Pygamberiň doglan günüdigi öýdülýän sene mynasybetli gurnan sadakalary üçin telekeçilerden mejbury pul, azyk toplady.

Şeýle-de, mollalara munuň bilen bagly aşpezleri, hyzmat etmeli adamlary öz hasaplaryna guramalaşdyrmak tabşyryldy.

Bu ýyl musulmanlaryň uly sarpa goýýan Mawlid an-Nabi baýramy 27-nji sentýabra düşüp, ol eýýäm bir gün öňünden bellenip başlanýar.

Baýram mynasybetli, sişenbe güni türkmen häkimiýetleri Gökdepede we onuň golaýyndaky öwlüýälerde günortanlyk naharlaryny berdiler.

“Sadakalara her kim gelip bilýärdi. Saçakda adamlaryň ençeme ýyllap dadyp görmedik azyklary we şireli suwlary goýlupdyr. Esasy naharlaryň ýany bilen hödür edilen alma, mandarin, banan, gawun, garpyz ýaly önümler hem näçe diýseň bardy. Sadakadan soň, mätäç adamlara az owlak maliýe hemaýaty hem paýlandy” diýip, bu sadakada bolanlaryň biri 28-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Emma muňa gatnaşanlaryň köpüsiniň hoşallyk bilen ýatlaýan bu sadakalary üçin, ýerli telekeçilere mejbury azyk we maliýe serişdeleri bilen üpjün etmek tabşyryldy.

“Ýerli ýolbaşçylar munuň üçin dürli görnüşli ir-iýmişleri, şireli suwlary, kökeleri, tüwini we uny dagy haltalap satyn almaga mejbur etdiler. Käbirlerine 10 töweregi ownuk mal getirmek tabşyryldy. Şeýle-de, menden we meniň tanaýan başga-da ençeme telekeçimden 20 müň manat möçberinde pul toplandy. Mundan ýüz öwürjek tamaň ýok. Sebäbi ertesi gelip, biznesiňi eliňden almajaklaryna kepil ýok” diýip, ýerli telekeçi anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Habarçymyz döwletiň söwda edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem azyk ‘salgydynyň’ salnandygyny anyklady. Mysal üçin, ýerli un önümçilik kärhanasyna 15 çemesi halta ýokary hilli un bilen üpjün etmek barada dilden buýruk berlipdir.

Sadaka bilen bagly mejbury talaplar döwlet tarapyndan bellenilen dini işgärlerine hem degişli boldy. Habarçymyz mollalara we müjewürlere aşpezleri, sadaka gelenlere hyzmat etjek adamlary dagy özlerine tapmak tabşyrylandygyny aýtdy.

Şol bir wagtda, häkimiýetler sadaka gelenlerden hem bir talaby berjaý etmegi soradylar.

“Sadaka gelen badyňa, nahardan soňra prezidentiň, onuň kakasynyň adyna doga-dileg edilende hökmany ‘amin’ diýip seslenmek tabşyryldy. Hudaýyň adyna diýlip berilýän sadakalar hem syýasy propoganda öwrüldi. Doga-dileglerden soň, ymam prezidenti söýmek, şeýle-de ýurt ýolbaşçylarynyň gep-gybatyny etmezlik barada ündedi” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolanlaryň biri gürrüň berdi.

Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Gökdepäniň häkimliginden, galyberse-de döwletiň gözegçiligindäki ýerli dini edaralaryndan kommentariýa almak başartmady.

Türkmen häkimiýetleri wagtal-wagtal döwlet syýasatyny wagyz etmekde ýerli mollalaryň we din wekilleriniň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar.

Bu aralykda, döwlet bilen ilteşigi bolmadyk mollalara edilýän basyşlar güýçlenýär. Musulmanlar namaz okamak we dini edebiýaty saklamak, spirtli içgilerden ýüz öwürmek we sakgal ösdürmek üçin yzygiderli yzarlandylar.

Türkmenistanda din azatlygy kanun taýdan kepillendirilýär. Bu aralykda, Türkmenistan ýyllarboýy dünýäde dini azatlygy iň gödek bozýanlaryň arasynda galýar.

Halkara guramalary Türkmenistanda dini jemgyýetlere we beýleki dinleriň wekillerine berk basyş edilýändigini habar berýärler we ýurduň hökümetini yslamy öz syýasy maksatlary üçin ulanmagy bes etmäge çagyrýarlar.

Mawlid baýramy käbir musulman ýurtlarynda tutuş aýyň dowamynda bellenilýär. Bu döwürde dinçiler metjitlerde jemlenýärler, Gurhandan aýatlary okaýarlar, salawatlary aýdýarlar we Muhammet Pygamberiň ömri barada wagyz-nesihat edýärler.

Muhammet Pygamber musulmanlaryň senenamasy boýunça rabiul-awwal aýynyň 12-ne Mekkede dünýä indi. Munuň grigoriýan senenamasy boýunça çak bilen 570-nji ýa 571-nji ýylyň aprel aýlarydygy öýdülýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Годы метро к лицу: подземка Москвы отмечает 89-летие с момента запуска

Финляндия упростит процедуру изъятия жилья у россиян

В Новосибирске состоялась презентация одного из самых ожидаемых событий предстоящего лета

Изменился график поездов на МЦД-4, Киевском и Горьковском направлениях 17–19 мая

Музыкальные новости

Центральная Азия под лупой. Эксперты обсудят миграционные проблемы

Инсайты, стратегии и нетворкинг для профессионалов: 21 июня пройдет ежегодный форум «Спорт и Бизнес»

Театр кукол «Ульгэр» выступил в райцентре Бурятии в День Пушкина - Россия, Культура, Дети

Никакой магии! В спортивном прогнозировании не бывает безусловных выигрышных стратегий

Новости России

Изменился график поездов на МЦД-4, Киевском и Горьковском направлениях 17–19 мая

Студентка из Коломны выиграла бронзу на чемпионате Европы по самбо

Почти 140 здоровых детей родились в Подмосковье от матерей с ВИЧ

Как чинят и обслуживают китайские грузовики: побывал на СТО Dongfeng, рассказываю, что увидел

Экология в России и мире

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Студенты городских образовательных учреждений проходят практику в Marins Park Hotel Новосибирск

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Делаем образ стильным при помощи одной яркой детали

Спорт в России и мире

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

Ангеліна Калініна поступилася восьмій ракетці світу Саккарі на турнірі WTA 1000 у Римі: результат

Теннисист Медведев может потерять свое место в рейтинге ATP

Калинская проиграла Свитолиной и не смогла выйти в 1/8 финала турнира в Риме

Moscow.media

Голосовой робот самостоятельно консультирует более 60% всех обращений граждан в ЕКЦ Минздрава Мурманской области

Военные следственные органы Следственного комитета Российской Федерации отмечают 157-ю годовщину образования

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

Из-за паводка на севере Омской области ограничено движение на участках трассы Тевриз – Александровка







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *