Gazak sudy “Atažurt” hereketiniň hasaba durmak baradaky şikaýatyny ret etdi
Astananyň sudy, “Atažurt” atly hasaba alynmadyk syýasy hereketiniň Gazagystanyň Adalat ministrliginiň özüni registrasiýa etmezlik baradaky şikaýatyny ret etdi. Bu barada toparyň wekilleri maglumat berdi.
29-njy sentýabrda geçirilen ýörite sud diňlenişiginde toparyň hasaba durmak üçin ýollan arzasynda eýýäm ýogalan adamlaryň adynyň bolandygy, şeýle-de onda Excel formatlyk ýalňyşlyklarynyň goýberilendigini aýdyldy.
Toparyň wekili Kapar Ahatuly bu aýyplamany ret etdi we azyndan 700 şahsyýetiň ady bolan sanawda eýýäm dünýäden öten adamlaryň bolup bilmejekdigini aýtdy.
Gazagystanyň Adalat ministrligi Azatlygyň Gazak gullugynyň kommentariýa haýyşyny ret entdi.
“Atažurt” Hytaýyň Sinjiang sebitinden 2000-nji ýylda Gazagystana göçüp geçen etniki gazak Serikžan Bilaş tarapyndan esaslandyryldy. Ol 2011-nji ýylda gazak raýatlygyny aldy we soňy bilen Hytaýyň günbataryndaky uýgur azlyklarynyň köpçülikleýin hukuk bozulmalaryny gün tertibine getirmäge ýardam etdi.