Pakistanda dini üýşmeleňe edilen hüjümde heläk bolanlaryň sany artýar
Wakada janyndan geçen hüjümçileriň biriniň ýa-da ikisiniň Mastung etrabynda Muhammet Pygamberiň doglan güni mynasybetli gurnalan baýramçylyk çäresinde özlerini partladandygy öýdülýär.
Polisiýa 30-njy sentýabrda bu hüjüm boýunça derňewe başlandygyny mälim etdi.
Bulujystandaky partlamanyň bolan güni, Pakistanyň Owganystan bilen serhedindäki dartgynly Khyber Pakhtuknkhwa sebitinde hem metjide we polisiýa merkezine edilen bombaly hüjümde bäş adam heläk boldy.
BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň agzalary Pakistandaky hüjümleri ýazgaryp beýanat ýaýratdylar.