BMG-niň missiýasy Daglyk-Garabaga geldi
Birleşen Milletler Guramasynyň missiýasy Daglyk-Garabag sebitine geldi. Mundan öň, Daglyk-Garabagy Azerbaýjanyň basyp almagy bilen, regiondaky etniki ermenileriň uly bölegi bu sebiti terk etdi.
Azerbaýjanyň prezidentiniň metbugat wekiliniň 1-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, missiýa sebitdäki gumanitar zerurlyklary seljerer.
Bu BMG-niň soňky 30 ýylyň içinde bu sebite sapar etmek boýunça ilkinji gezek ygtyýarlyk almagy boldy.
Daglyk-Garabaga 30 ýyl çemesi gözegçilik eden etniki ermeniler, Azerbaýjanyň geçen hepdedäki hüjümlerinden soň, ýaraglaryny goýmaga we esaslandyran hökümetini dargatmaga razy boldular.
Soňky günleriň dowamynda Garabagda ýaşandygy çaklanylýan 120 müň ilatyň tas ählisi bu sebitden Ermenistana geçdi.