Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Mejbury pagta ýygymy ýene batlanýar

Mejbury pagta ýygymy ýene batlanýar

Iki hepde töweregi dowam eden säginmeden soň, häkimiýetler sebitlerde býujet işgärlerini mejbury pagta ýygym möwsümine çekmek işlerini ýene güýçlendirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 1-nji oktýabrda Lebap welaýatyndan habar berdi.

Ýatlasak, Lebap welaýatynyň sebit merkezinde häkimiýetler 15-nji sentýabrda ýygnak geçirip, býujet işgärlerini ýygym işlerinden boşatmak barada karar kabul edipdiler. Şeýlelikde, köp sanly döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, şol sanda lukmançylyk edaralary, aragatnaşyk kärhanalary we beýlekiler pagta möwsüminden boşadylypdy. Muňa garamazdan, mugallymlary ýygym işlerine çekmeklik dowam etdirilipdi.

15-nji sentýabr gabatlary Mary welaýatynyň häkimliginde hem ýygnak geçirilip, talyplary we býujet işgärlerini, şol sanda mugallymlary, çagalar baglarynyň terbiýeçilerini pagta ýygymyna äkitmezlik we olardan ýygym mynasybetli pul toplamazlyk barada kararlaryň kabul edilendigi mälim bolupdy.

Şonda Azatlyk Radiosynyň sebitlerdäki habarçylary bilen gürrüňdeş bolan köp sanly býujet işgärleri Garaşsyzlyk baýramanyň öňüsyrasynda häkimiýetler tarapyndan yglan edilen täzelikleri hoşallyk bilen kabul edip, şol bir wagtda bu ýagdaýyň wagtlaýyn bolmak ähtimallygyna alada beýan edipdiler.   

Şeýlelikde, mejbury pagta ýygym möwsümi sebitlerde köp sanly raýatlar üçin sähel pursat hem bolsa sägindi.

Bu aralykda, Türkmenistanda 27-nji sentýabrda Garaşsyzlyk güni bellenilip geçildi.

“28-nji sentýabrda başlap, býujet işgärleri ýene-de köpçülikleýin pagta ýygymyna alnyp gidilip başlandy” diýip, habarçymyz ýekşenbe güni Lebap welaýatyndan maglumat berdi.

Häkimiýetler mejbury zähmetiň wagtlaýyn bes edilmegi boýunça iki hepdelik arakesmäni yglan edenlerinde ýurduň gowaça meýdanlarynda raýatlaryň mejbury zähmetinden peýdalanylýandygyny resmi beýanatlar bilen boýun almadylar.

Ýöne ýurduň sebitlerinde mejbury zähmetiň wagtlaýyn bes edilmeginiň Halkara zähmet guramasynyň hem-de ABŞ-nyň Zähmet departamentiniň wekilleriniň ýakyn wagtda Türkmenistana amala aşyrmagy meýilleşdirýän saparlary bilen ilteşikli bolmagynyň mümkindigi bellenildi.

Ýöne şu günler ýurduň gündogar sebitinde raýatlaryň mejbury ýygym işlerine çekilmegi gaýtadan güýçlenýär.

“Pagta ýygymy 28-nji sentýabrdan başlap, öňküsinden-de güýçlendi. Hepdäniň dowamynda işgärleriň 30 göterimi pagta ýygymyna çekilýär. Hepdäniň ahyrynda, şenbe we ýekşenbe günleri edara-kärhanalaryň işgärleriniň ählisi, 100 göterimi hökmany suratda pagta ýygymyna hökmany suratda gidäýmeli” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary pagta meýdanlaryna baryp, öz işgärlerine gözegçilik edýärler.

Türkmenistanyň hökümeti ýyllar boýy ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar tarapyndan  pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär.

Resmiler mejbury zähmet boýunça beýan edilýän aladalara reaksiýa görkezmeýärler.

Şu ýyl Türkmenistan boýunça 580 müň gektar meýdana ekilen gowaçadan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Häkimiýetler Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 9-njy sentýabrda, Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda ýygym möwsümine resmi taýdan girişdiler.

Pagta möwsümine badalga berilmeginiň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçylary şu ýyl mejbury pagta ýygymynyň ozal görlüp-eşidilmedik derejede möwjeýändigini habar berdiler. Balkan welaýatynyň käbir sebitlerinde ýygym möwsümi bilen baglylykda maşgala çärelerini, şol sanda toýlary we sadakalary geçirmek dilden gadagan edildi.   

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Москве мужчина попытался достать кота с балкона и упал с третьего этажа

Школьный музей Нижегородской области стал участником программы «Школьный музей Победы»

Кто такой Антон Алиханов, который возглавил российскую промышленность?

Более чем трети россиян нервная обстановка на работе мешает высыпаться

Музыкальные новости

Мужская команда ВК "Тамбов" прошла в полуфинал Чемпионата России

Полезные приложения для поклонников спортивной ходьбы

Звезды спорта. Кто они такие и почему их так называют?

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы

Новости России

Росстат: ввод жилья в России в январе-апреле вырос почти на 2%

Более чем трети россиян нервная обстановка на работе мешает высыпаться

Корейская группа выпустит песню с российским певцом Анатолием Цоем

Кавказская жена Ольга Белова на ТВ становится феминисткой

Экология в России и мире

Дети из землячества Узбекистана в Улан-Удэ стали зрителями театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Пермский край, Суксунский район

Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Спорт в России и мире

Азаренко вышла в четвертьфинал турнира WTA-1000 в Риме

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Медведев с трудом одолел 121-ю ракетку мира на турнире в Риме

Кто транслирует бой Табило против Джоковича на турнире Rome Masters 1000?

Moscow.media

«Байкал Сервис» открыл новый терминал на юго-востоке Москвы

Осень в Хибинах...

Еще 36 м надвижки на мосту через Каму

Смонтированы пролеты четырех мостов на трассе Дюртюли – Ачит в Пермском крае







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *