Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Daşary çykmak gorkusy we 'meýletin' deportasiýa. Türkiýedäki türkmen migrantlaryna basyş güýçlenýär

Daşary çykmak gorkusy we 'meýletin' deportasiýa. Türkiýedäki türkmen migrantlaryna basyş güýçlenýär

Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlary polisiýanyň ýurtda bikanun galýan daşary ýurtlulary tapmak üçin geçirýän reýdleri sebäpli basyş astynda galýarlar. Bu reýdler köpleri gizlenmäge mejbur edýär we gazançdan hem-de maddy taýdan özlerine garaşly bolan Türkmenistandaky maşgalalaryny eklemek mümkinçiliginden mahrum edýär. Türkmenistanyň ýüzlerçe müň raýatlarynyň köpüsi Türkiýede bikanun ýaşaýar we işleýär, olaryň käbiriniň dokumentleri hem kadaly däl.

Türkiýede daşary ýurtly migrantlara garşy reýdler yzygiderli dowam edýär. Bu ýurtdaky çeşmelere we türkmen migrantlaryna görä, polisiýa her gün dürli kiçi we uly kärhanalary, zawodlary, fanrikleri we restoranlary barlaýar hem bikanun işleýän daşary ýurtlulary gözleýär.

"Migrantlara garşy göreş güýçlenýär. 25-nji sentýabrdan bäri türk polisiýasy zawodlara gidýär, restoranlaryň aşhanalaryna baryp görýär we ol ýerde işleýän migrantlary tussag edýär. Migrantlar derrew deportasiýa merkezlerine äkidilýär" -diýip, Stambuldaky çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Türkiýedäki türkmen raýatlary häzirki wagtda öz ýaşaýan ýerlerindäki köçelerde öz watandaşlaryny görmegiň gaty kyndygyny aýdýarlar. Ýurtda ýaşamaga resmi rugsady bolmadyk migrantlar gizlenýärler we işleseler-de, muny gaty gizlin edýärler.

Türkiýede zähmet çekýän Türkmenistanyň raýatlarynyň köpüsi bu ýurtda bikanun ýaşaýar we işleýär. Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň habaryna görä, ýurtda 200 müňe golaý türkmen raýaty kanun esasda ýaşaýar. Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda çap eden maglumatyna görä, bu ýurtda Türkmenistanyň 198 363 müň raýaty kanuny esasda bolýar. Deňeşdirmek üçin geçen ýylyň sentýabr aýynda ýurtda hasaba alnan türkmen raýatlarynyň sany 230 müňden gowrakdy.

Türkiýede ýaşaýan türkmen raýatlarynyň hakyky sany has köp. Adam hukuklaryny goraýjylaryň we garaşsyz çeşmeleriň maglumatlaryna görä, Türkiýedäki türkmen raýatlarynyň sany bir million adama ýetip biler. Türkiýe 15 ýyllap türkmen raýatlarynyň köpçülik bolup baran ýurdudy. Bu ýurda wizasyz giriş 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda ýatyryldy. Daşary ýurtlular babatynda migrasiýa düzgünleriniň güýçlendirilmegi, Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýede galmagyny kanunlaşdyrmak işini çylşyrymlaşdyrdy.

Türkmen häkimiýetleri we döwlet habar beriş serişdeleri türkmen raýatlarynyň migrasiýa meselesi hakynda maglumat bermeýärler.

Türkiye bikanun migrantlara garşy şu ýylyň iýul aýynda giň gerimli reýdlere başlady. Netijede müňlerçe daşary ýurtly, şol sanda Türkmenistanyň raýatlary saklandy we deportasiýa edildi.

Türkmenistandaky çeşmeler türkmen migrantlaryny öz ýurduna eltmegiň kadalarynyň üýtgändigini we deportasiýa edilýänleriň indi transport çykdajylaryny öz hasabyna üpjün etmäge mejbur boljagyny aýdýarlar.

"Türkmenistan raýatlaryny Türkiýeden deportasiýa etmek üçin indiki uçarlar mugt bolmaz. Migrantlar bilet satyn almaly bolarlar we watanyna aşmak üçin çykdajylaryny tölärler" - diýip, Aşgabatdaky çeşme anonimlik şerti bilen gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, munuň sebäbi deportasiýa edilen raýatlary ýurda getirmek üçin hökümet tarapyndan kesgitlenen kwotanyň dolmagy bilen baglanyşykly.

"Awgust aýynyň başyndan sentýabryň ahyryna çenli Türkmenistana Türkiýeden 2500 töweregi raýat getirildi. Şeýlelik-de, türkmen howa ýollarynyň deportasiýa edilen raýatlary getirmek üçin berlen kwotasy dolduryldy" - diýip, çeşme aýdýar.

Azatlyk Radiosy, ýagdaýdan habarly çeşmeleriň beren bu maglumatyny türk we türkmen migrasiýa gulluklarynyň wekillerinden resmi taýdan tassyklap bilmedi.

Bu aralykda, adam hukuklaryny goraýjylar Türkiýedäki migrantlaryň hukuklarynyň bozulýandygy barada habar berýärler. "Türkmen Helsinki fondunyň (THF) habaryna görä, Türkiýede başpena soraýan türkmenistanlylar öz watanyna meýletin gaýdyp barmak baradaky dokumente gol çekmäge mejbur bolýarlar.

Deportasiýa merkezlerinde saklanýan adamlary zor bilen ýurduna ugratmak meselesi 19-njy sentýabrda Stambulda türk adam hukuklaryny goraýjylarynyň we aklawçylarynyň ýygnagynda ara alnyp maslahatlaşyldy. "Biz hatda ol ýerde saklanýan müşderilerimiz bilen habarlaşyp hem bilmeýäris. Nirä äkidilendigini, nirededigini bilmek üçin birnäçe hepde gerek bolýar ... Tuzla deportasiýa merkezine barýarys, şol ýerde müşderimiziň bardygyny bilýäris, emma ol ýerde onuň Konýa äkidilendigini aýdýarlar, ol ýere baranymyzda, onuň Wan şäherine iberilendigini aýdýarlar, köplenç müşderilerimiziň aklawçylara garaşman deportasiýa edilýändigini hem bilýäris" diýip, THF türk aklawçysy Gülden Sönmezi sitirleýär.

Türkmen migrantlarynyň problemalary bilen iş salyşýan Gülden Sönmeziň şol ýygnakda aýdyşyna görä, ol 30 ýyl bäri kanunçylyk işleri bilen meşgullanýar, emma beýle kyn prosese hiç wagt duş gelmändir.

THF-nyň belleýşi ýaly türk aklawçylary adamlaryň razylyk bermäge mejbur edilmegi esasyndaky deportasiýany örän kemsidiji atlandyrdylar. "Olary ýurduna meýletin gaýdýandygy hakynda şertnama gol çekmäge mejbur edýärler. Hatda haýsydyr bir jenaýat bilen baglanyşykly bolmadyk adamlar hem jenaýat edenler ýaly deportasiýa edilýär ... Biz deportasiýa merkezlerinde öz janyna kast edişlik wakalary barada-da eşidýäris, ýöne muny tassyklap bilmeýäris. Adam hukuklary boýunça komissiýa bu wakalary öwrenmeli we derňemeli, bu aýyplamalar çynlakaý häsiýete eýedir" - diýip, THF türk aklawçysyny sitirleýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Фельдшерский пункт открыли после ремонта в деревне Печерники

В Котельниках сотрудники Росгвардии задержали подозреваемого в краже партии товаров

Гагариной стало плохо на премии «Жара Music Awards 2024» в Москве

Двум задержанным врачам клиники Хайдарова предъявлено обвинение

Музыкальные новости

OpenAI готовит конкурента поисковику Google, но на базе ИИ

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Чемпионат России по футболу для людей с ограниченными возможностями начался в Дзержинске

Таунхаусы в Подмосковье за год подорожали в среднем на 6% — до $258,9 тыс

Новости России

Что происходит в "Теплых кварталах" Екатеринбурга?

Самолет Трампа столкнулся с другим лайнером в аэропорту во Флориде

Как живется Германии без российского газа

Гагариной стало плохо на премии «Жара Music Awards 2024» в Москве

Экология в России и мире

Стало известно, куда неожиданно и массово устремились российские туристы на майские: это оказался вовсе не обычный курорт, а работающий по специальному закону

Сергей АРУТЮНОВ на своём сольном концерте в Государственном Кремлёвском Дворце презентовал дуэт с Родионом Газмановым. Артисты вместе исполнили хит “Люси”

Показ Academy Kaurtseva Fashion Day III 24

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

Спорт в России и мире

Теннисист Медведев может спуститься на пятое место в ATP после "Мастерса" в Риме

Азаренко вышла в 1/16 финала турнира WTA-1000 в Риме

Азаренко вышла в четвертьфинал турнира WTA-1000 в Риме

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Moscow.media

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

"Помогу оформить детские пособия". Почему имя Мухаммад бьёт рекорды в ХМАО

Дети из Узбекского землячества Бурятии увидели театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Столичные росгвардейцы задержали мужчин, подозреваемых в хранении наркотиков







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *