Rahmonyň ulagyna ýumurtga zyňylandan soň, aktiwistleriň garyndaşlary saklandy
Täjigistanyň polisiýasy öz-özünden bosgunlyga çykan ençeme aktiwistiň dogan-garyndaşlaryny tussag etdiler.
Bu ýagdaý geçen hepde prezident Emomali Rahmonyň Berline amala aşyran sapary mahaly, oňa garşy ýumurtgalaryň zyňylmagyndan soň ýüze çykdy.
Aktiwistleriň Azatlyga aýtmagyna görä, “Topar 24” oppozision hereketiniň agzalary bolan Şarofiddin Gadoewiň, Dilşod Şarifowyň, Ismoil Mahmadowyň, Jamşed Şarifowyň, Behruz Taghoizodanyň we Muhammadjon Abdulloewiň garyndaşlary geçen hepdäniň aýagynda, aýdyňlaşdyrylmadyk sebäplere görä, tussag edilipdirler.
29-njy awgustda Rahmon Berlinde Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz we Merkezi Aziýanyň beýleki liderleri bilen duşuşmak üçin ýolda barýan mahaly, onuň ulag kerwenine ýumurtgalar zyňyldy.