Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Öňki tussag: Döwlet näsag çagadan 'ar alýar'

Öňki tussag: Döwlet näsag çagadan 'ar alýar'

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygynyň adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna saglyk bejergisini alyp biljek çagalar diňe üç arka barlagynda ‘arassa’ çykan çagalar bolmaly, eger-de näsag çaganyň ýakyn hossarlarynyň arasynda soňky onýyllyklardaky ykdysady kynçylyklar, giň ýaýran işsizlik we korrupsiýa, neşe bilen baglanyşykly aýyplamalar arasynda türmä basylan adam bar bolsa, ol bu hili kömegi alyp bilmeýär diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Azatlygyň bu mesele boýunça düşündiriş almak üçin ýazan hatyna jogap bermedi.

Azatlygyň ýerli habarçysy bilen gürleşen öňki tussag doga ýürek keselli agtygynyň atasynyň başdan geçiren bendiligi sebäpli, beýleki howandarlyga mätäç çagalardan ala tutulyp, kömege mätäç näsag hökmünde alyp biljek kömeginden kesilendigini gürrüň berdi.

“Bu kömek üç arkasynda hiç bir adam türme tussaglygynda bolmadyk raýatlaryň çagalaryna degişli” diýip, özüni Täçmämmet Ýakubow diýip tanadan türkmenbaşyly raýat habarçymyza aýtdy.

60 ýaşa golaýlan raýatyň tassyklamagyna görä, onuň doga ýürek keminden ejir çekýän 5 ýaşlygy agtygy atasyna 1998-nji ýylda, 25 ýyl mundan ozal neşe aýyplamasy esasynda kesilen iş sebäpli haýyr-sahawat gaznasynyň berýän saglyk bejergisi kömegini alyp bilmeýär.

Täçmämmet aganyň pikiriçe, “döwletiň ýaş çagalardan, hatda bäbejiklerden garry atalarynyň ýa-da babalarynyň eden ýalňyşlary üçin ar almagy düýbünden aklap bolmajak zat” bolup görünýär.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan soňky onýyllyklarda sebitde ilatynyň jan başyna laýyklykda iň kän tussagly ýurt adyna eýe boldy we, tussaglaryň çagalarynyň saglyk bejergisinden kesilmeginiň näçe näsag çaganyň ykbalyna täsir etjekdigini aýtmak kyn.

“Men Türkmenbaşy etrabynda özüm ýaly maýyp agtykly ýa çagalary ozalky tussaglaryň 30-a golaýyny bilýärin, maddy mümkinçilikleri bolmansoň, diňe soňky 2 ýylda olaryň 14-siniň öz çagalaryny topraga bermäge mejbur bolandyklaryna şaýat boldum” diýip, Täçmämmet aga aýtdy.

Öňki tussag tussaglary hem ‘biraýakdan sürüp bolmaýandygyny’, olaryň käbiriniň pulunyň köpdügini hem sözüne goşdy.

“Käbir ozalky tussaglaryň puly köp, olaryň arasynda öz näsag agtyklaryny öz hasaplaryna bejerdip bilýänleri hem ýok däl, her kimiň maddy ýagdaýy, rysgaly dürli-dürli. Ýöne häzirki şertde garyp düşen adamlaryň has köpelendigi hiç kime syr däl” diýip, söhbetdeşimiz ýurtda resmi taýdan boýun alynmaýan garyplaşma prosesi barada aýdylýanlary gytaklaýyn tassyk etdi.

Şeýle-de, öňki tussag çagalar hassahanalarynda diňe näsagyň ýatmagy üçin berilýän ýerleriň mugtdugyny gürrüň berdi.

“...dermanlar dolulygyna çaganyň ene-atasynyň hasaplaryna alynýar, dermanhanalardaky dermanlar gymmat, gara bazardaky walýuta kursundan satylýar, içerki aýlyk-günlük ýagdaýy belli zat...” diýip, radionyň söhbetdeşi çaga näsaglygynyň eli ýuka maşgalalar üçin ullakan kynçylyga öwrülýändigi barada mundan öňki ýyllarda gelip gowşan maglumatlary ýene bir gezek tassyk etdi.

Onuň sözlerine görä, ‘pediýator wraçlar hem bäbekleriň ýa-da çagalaryň ene-atalary ak halatlarynyň jübülerine köpräk pul gysdyrmasa, näsag çaga gowy seretmeýärler”.

“Eger sowatly wraç tapsaň, bagtyň getirdigi. Emma lukmanlaryň hem bilimlisi tas ýok, olaryň käbiri çagalary doly barlaman, türk ýa-da rus telekanallarynda reklama edilýän dermanlary ýazyp berýärler” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy. Türkmenistan ýapyk ýurt bolansoň, bu aýdylýanlary ýerinde barlamak ýa-da ýurduň saglyk resmilerinden düşündiriş almak mümkinçiligi Azatlykda ýok.

Şeýle-de, söhbetdeşimiz Türkmenbaşyda lukmanlaryň goýýan nädogry diagnozy sebäpli saglyk ýagdaýy ýaramazlaşýan, netijede gaýtadan bejergi almak üçin Aşgabada äkidilýän çaglaryň köpdügini, paýtagtdaky lukmanlaryň käbir ýagdaýlarda näsag çagalara berlen gymmat bahaly dermanlaryň olary öldürip hem biljekdigini duýdurýandygyny gürrüň berdi.

Mundan başga, öňki tussag ýurtdaky ýaşaýyş-durmuş şertleriniň 1990-njy ýyllaryň aýagyndaky bilen deňeşdirilende hem has agyrlaşandygyny, korrupsiýanyň has giň ýaýrandygyny we köp adamyň maşgalasyny eklmekde uly kynçylyk çekýändigini aýtdy.

Türkmen metbugatynyň anyklaşdyrman ýazmagyna görä, 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen gaznanyň milli we daşary ýurt walýutasynda açylan bank hasaplaryna gelip gowuşýan serişdeleriň möçberleri artýar, ýurt raýatlary, dürli edara-kärhanalar we şereketler gazna öz serişdelerinden yzygiderli geçirip durýarlar. Emma döwlet eýeçiligindäki metbugatda, aýratyn alnan we dyngysyz götergilenýän bir adamdan başga, haýyr-sahawat üçin serişde geçiren raýatlaryň atlary agzalamýar.

Aýdylmagyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow prezident wezipesinde işlän döwründe öz aýlygynyň bir bölegini Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna yzygiderli geçiripdir. Ýöne bu gazna şu güne çenli näçe serişdäniň geçirilendigi, ol serişdeleriň nähili harçlanandygy, nebit-gaz girdejileriniň harçlanyşynda aýdyňlyk bolmaýşy ýaly, aýdyňlaşdyrylamýar.

Metbugatda “keselli çagalaryň birnäçe çylşyrymly operasiýasynyň maliýeleşdirilendigi” aýdylsa-da, bu hili kömege mätäç çaganyň näçedigini, olaryň özlerine gerek kömegi ýa bejergini haçan ýa-da näçe wagtdan alyp biljekdigini bilmek mümkinçiligi bolsa, Saglyk ministrliginiň bu mesele boýunça soralan soraglara jogap bermezligi sebäpli, häzirlikçe görünmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Норильске открылся новый туристический центр

Метриум: темпы роста предложения квартир в новостройках Москвы упали в 42 раза

В Тульской области за три месяца снизилась рождаемость и увеличилась смертность

Зарема Салихова об игре Угальде в "Спартаке": куда пропали 15 миллионов

Музыкальные новости

Армяне в Великой Отечественной войне: Иван Георгиевич Магакьян

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» правит миром, расшифровал «ДНК В.И.Ленина», отменяет налоги. И… отключает институты времени. Разгадка «научных теорий заговоров».

Гол Чалова с пенальти принес ЦСКА победу над "Зенитом" в чемпионате России

Аналитики оценили изменение высоты новостроек в городах России за 5 лет

Новости России

Житель Городищенского района был пойман за использованием поддельных водительских прав

Будет ли «новый 37-ой»? Хазин описал план чистки элиты Путиным

Агент по недвижимости стал самой высокооплачиваемой офисной вакансией в Москве

В Москве арестовали гражданина Египта за кражу сейфа с 80 миллионами рублей

Экология в России и мире

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

С чем носить джинсовое платье этой весной: примеры образов

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Спорт в России и мире

Медведев вышел в четвертый круг "Мастерса" в Риме

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

Кто транслирует бой Табило против Джоковича на турнире Rome Masters 1000?

Ангеліна Калініна поступилася восьмій ракетці світу Саккарі на турнірі WTA 1000 у Римі: результат

Moscow.media

OpenAI готовит конкурента поисковику Google, но на базе ИИ

Столичные сотрудники росгвардии задержали нетрезвого водителя

"Помогу оформить детские пособия". Почему имя Мухаммад бьёт рекорды в ХМАО

В Подмосковье росгвардейцы почтили память Героев Великой Отечественной войны и возложили цветы к мемориальным комплексам региона.







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *