Pakistan bikanun migrantlaryň 1-nji noýabra çenli ýurtdan çykmalydygyny aýdýar
Pakistan bikanun ýaşaýan ähli adamlaryň 1-nji noýabrda çenli ýurtdan çykmalydygy barada karar kabul etdi.
Içeri işler ministrligi bu soňky möhlete çenli ýurtdan çykmadyk bikanun daşary ýurtlularyň biznesleriniň we emläkleriniň hem ele geçiriljekdigini, ýagny konfiskasiýa ediljekdigini duýdurdy.
Resmiler munuň diňe bir owganlara däl, eýse ähli milletleriň wekillerine hem degişli boljakdygyny nygtadylar. Emma Pakistandaky migrantlaryň uly bölegini owganlar emele getirýär.
Hökümetiň beýanatynda bu täze düzgüniň 3-nji oktýabrda ýurduň ýokary derejeli syýasy we harby wekilleri bilen geçirilen maslahatyň dowamynda ylalaşylandygy bellenilýär.