Fransiýa Ermenistana harby serişdeleri ugratmaga razy – fransuz baş diplomaty
Fransiýa Ermenistanyň goranyş ukyplylygyny artdyrmak maksady bilen, bu ýurda harby serişdeleri ugradyp başlamaga taýýardygyny mälim etdi. Bu barada fransuz daşary işler ministri Katerine Kolonna (Catherine Colonna) 3-nji oktýabrda Ýerewana eden saparynyň dowamynda aýtdy.
Kolonnanyň sapary geçen aý Azerbaýjanyň geçiren hüjümi netijesinde Daglyk-Garabag sebitiniň Bakuwyň doly gözegçiligine geçmeginiň yz ýanyna gabat gelýär. Munuň netijesinde, bu sebitden köp sanly etniki ermeniler Ermenistana aşdylar.
Kolonna goşmaça jikme-jik bermekden saklandy. Emma ol Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Josep Borrelden ÝB-niň sebitdäki missiýasynyň gerimini artdyrmagy sorandygyny belledi. Şeýle-de ol, Moldowanyň mysalynda hem bolşy ýaly, Ermenistany ÝB-niň parahatçylyk mehanizmine goşmagy teklip etdi.