Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Hazaryň suwy çekilýär, Aşgabadyň daşky gurşaw aladalary artýar

Hazaryň suwy çekilýär, Aşgabadyň daşky gurşaw aladalary artýar

Hazar deňzindäki suwuň derejesiniň pese gaçmagy dowam edýär we bu ýagdaý Türkmenbaşy, ozalky Krasnowodsk aýlagynyň suwunyň käbir ýerlerde 12 kilometre çenli çekilmegine getirdi diýip, “Metožurnal” soňky çap eden suratly makalasynda aýdýar. Neşiriň tassyklamagyna görä, Hazar deňziniň suwunyň çekilmeginiň ýygjamlaşmagy Türkmenbaşy aýlagynyň demirgazyk-gündogar böleginiň doly ýitirim bolmagyna alyp geldi. Azatlygyň habarçylary ýurtdaky derýalaryň, şol sanda Garagum derýasynyň hem soňky ýyllar ilatyň suw aladasyny peseletmeýändigini habar berýärler.

“Meteožurnalyň” ýazmagyna görä, kenar ýakalary diňe 6 ýyl wagt içinde 12 kilometr yza çekildi. 2017-nji ýylda deňziň derejesi 71 santimetr, 2011-nji ýylda bolsa 145 santimetr peseldi. Neşir bu netijeleri 1994-nji, 2017-nji we 2023-nji ýyllarda düşürilen suratlara salgylanyp çykarýar.

Türkmenbaşy aýlagygynyň suwy beýle çuň däl, mundan öň onuň çuňlugy iň köp bolanda hem 6 metrden geçmeýärdi, emma indi mundan hem bärde, aýlagyň ortaça çuňlugy bary-ýogy 3 metr çemesi diýip, habarda bellenýär.

Aýlagyň demirgazyk-gündogar bölegi we bütinleý guran Balhan aýlagy Türkmenbaşy aýlagynyň iň ýalpak bölegi bolupdyr. Deňiz derejesiniň hatda 10-15 santimetr aşaklamagy hem bu ýerdäki kenar ýakalarynyň ýüzlerçe metr yza çekilmegini aňladýar diýip, neşir ýazýar.

90-njy ýyllaryň ortalary bilen deňeşdirilip, deňziň 20-nji asyryň ikinji ýarymyndaky iň ýokary derejesine nazar salnanda, diňe Türkmenbaşy aýlagynyň gürrüňi edilýän böleginde dörän gury ýerleriň meýdany takmynan 430 inedördül kilometre barabar, häzir öňki aýlagyň düýbünde şor, durşuna duz bolup ýatan çäge bolup, bu töwerekdäki, ýanaşyk etraplardaky tebigy gurşawyň has-da ýaramazlaşmagyna getirýär.

Türkmen metbugatynyň 23-nji sentýabrda çap eden habaryna görä, 21-22-nji sentýabrda Ženewa şäherinde Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasy) ministrler derejesindäki geňeşmeleri geçirildi we “daşky gurşawy goramak boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary” maslahatlaşyldy.

Emma habarda, şeýle-de TDH-nyň mundan öňki habarlarynda, sebitiň beýleki ýurtlarynyň metbugatyndakydan tapawutlylykda, Hazar deňzi bilen bagly daşky gurşaw meseleleri, şol sanda tebigata nebit-gaz senagatyndan ýetýän täsirler barada anyk, jikme-jik maglumat berilmeýär.

Türkmen hökümeti Hazar deňzi, şol sanda sebitdäki suw meseleleri bilen bagly umumy aladalary umumy sözler bilen tassyklaýar, soňky döwürde ýurduň suw hojalygyndaky çynlakaý meseleler bölekleýin boýun hem alyndy.

Ýöne, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýerleriň şorladylandygyny, hasyllylygyň pese gaçandygyny boýun alan hem bolsa, ýurduň Garagum kanaly gurlandan soň goýberen ýalňyşlyklary doly boýun alynmady, “Altyn Asyr” Türkmen köli ýaly taslamalar bilen çuňlaşdyryldy, suwy köp talap edýän we ilatyň köpçülikleýin mejbury zähmete çekilmeginiň guralyna öwrülen gowaçany başga, suwy has az talap edýän, ilat üçin has amatly we girdejili boljak ekinler bilen çalşyrmagyň pikiri edilmeýär diýip, ozalky suw hojalyk işgäri Nurmuhammet Hanamow Azatlyk radiosyna aýtdy.

Synçylar we hökümet tankytçylary şeýle uly möçberde suw harçlanýan pagtaçylygyň daýhanlaryň durmuş, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaýandygyny öňe sürýärler. TDH Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşary ýurt puluna satylýan nah ýüplük, nah mata barada habar berýär, emma kärendeçileriň kynçylyklary, şol sanda daýhanlaryň suw ýetmezçilikleri barada habar bermeýär.

Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşýän daýhanlaryň aýtmaklaryna görä, ýurtdaky derýalaryň, şol sanda adam eli bilen gurlan Garagum derýasynyň suwunyň ýyl-ýyldan azalmagy, suw howdanlarynyň bol wagty suw toplamak funksiýalaryny doly ýerine ýetirip bilmezligi, döwlet eýeçiligindäki metbugatda açyk aýdylmasa-da, ozalam gurak howaly, uly çöllük territoriýasy bolan Türkmenistany barha ýitileşýän suw meselesiniň öňünde goýýana çalym edýär.

Bu alada goňşy Owganystanda sowet ýyllarynda Türkmenistanda gurlan kanal ýaly bir suw desgasynyň gurulýandygy we onuň goňşy ýurtlara ýetirip biljek täsiri barada edilýän diskussiýalarda hem boýun alynýar.

Bilermenler Koştepa kanalynyň ulanmaga berilmeginiň Amyderýanyň suw resurslaryna agram salyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ilkinji nobatda hem Türkmenistan bilen Özbegistanyň suw üpjünçiligine, şol sanda mejbury zähmetiň esasy gurallarynyň birine öwrülen pagtaçylyga howp saljakdygyny duýdurýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Шойгу

Школьный музей Нижегородской области стал участником программы «Школьный музей Победы»

Гад ползучий. Педиатр рассказал, где больше змей и что делать при укусе

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о роли несырьевого экспорта в российской экономике

Музыкальные новости

Госцирк Бурятии возглавил Тудуп Батуев: Театр и цирк, Культура, Россия

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о роли несырьевого экспорта в российской экономике

Мультфильм «Пушистый вояж» выйдет в прокат при поддержке Детского радио

ООН незаметно признала Путина: Сообщено об официальном письме

Новости России

Зачистки не будет: Хазин объяснил, как Путин обновит элиту

ТАСС: силовики провели обыски в Москве и Краснодаре по делу Кузнецова

Школьный музей Нижегородской области стал участником программы «Школьный музей Победы»

Гад ползучий. Педиатр рассказал, где больше змей и что делать при укусе

Экология в России и мире

Дети из землячества Узбекистана в Улан-Удэ стали зрителями театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Я не пью алкоголь вообще: Анастасия Волочкова резко ответила на слухи об алкоголизме

Участники Всероссийской олимпиады школьников по математике выбрали Marins Park Hotel Нижний Новгород

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

Спорт в России и мире

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Медведев с трудом одолел 121-ю ракетку мира на турнире в Риме

«Подача на победу на Уимблдоне». Гвардиола – о заключительном туре АПЛ

Ангеліна Калініна поступилася восьмій ракетці світу Саккарі на турнірі WTA 1000 у Римі: результат

Moscow.media

В подмосковном Красногорске открыли движение на подъезде к строящейся детской больнице

Ко Всероссийской акции «Георгиевская ленточка» присоединились сотрудники вневедомственной Росгвардии по Московской области

При силовой поддержке столичного спецназа Росгвардии задержан домушник, маскировавшийся под курьера службы доставки

Еще 36 м надвижки на мосту через Каму







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *