Freedom House: Global Internet azatlygy dowamly peselýär
“Freedom House” hukuk topary dünýädäki Internet azatlygynyň soňky 13 ýyldan bäri dowamly pese gaçýandygyny aýdýar. Bu barada toparyň 4-nji oktýabrda çap edilen ýyllyk hasabatynda bellenilýär.
“Freedom House” munuň bilen bagly has çynlakaý ýagdaýlaryň Eýranda we Mýanmada bolandygyny, bu ýurtlarda Internetde özüni beýan edenleriň jenaýata çekilip, soňy bilen ölüme höküm edilendigini nygtaýar.
Belarusda we Nikaraguada adamlar Internetde beýan eden garaýyşlary üçin “aždarha türme tussaglygyna” höküm edildi diýip, hasabatda aýdylýar.
Hasabatda dünýäniň 70 ýurdundaky ýagdaýlara syn berilýär. Munuň bilen bagly sanawdaky ilkinji orunlary Islandiýa, Estoniýa we Kanada eýeleýär.