Türkiýe Yragyň demirgazygyna ýene howa zarbalaryny urdy
4-nji oktýabrda Türkiýäniň harby howa güýçleri Yragyň demirgazygynda bikanun yglan edilen Kürdüstanyň Işçiler Partiýasynyň (PKK) 58 nyşanasyny ýok etdiler.
Bu 1-nji oktýabrda Ankarada hökümet binalarynyň golaýynda amala aşyrylan bombaly hüjümiň jogapkärçiligini kürtleriň söweşiji toparynyň öz üstüne almagyndan soň ýüze çykdy.
Türkiýäniň Goranmak ministrligi soňky zarbalaryň geçen hepdäniň aýagyndan bäri amala aşyrylan üçünji operasiýa bolandygyny we onuň dowamynda PKK-niň köp söweşijileriniň ‘ýok edilendigini’ aýtdy.
Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan PKK-a we siriýaly kürtleriň YPG harby toparyna degişli Yrakdaky we Siriýadaky ähli binalarynyň “kanuny nyşanadygyny” aýtdy.