Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Häkimiýetler pagta ýygymynda mejbury zähmetden peýdalanylmagyny ‘täze belentliklere çykarýar’

Häkimiýetler pagta ýygymynda mejbury zähmetden peýdalanylmagyny ‘täze belentliklere çykarýar’

Lebap welaýatynda häkimiýetler 6-njy oktýabr – Hatyra güni ähli býujet işgärlerini pagta ýygymyna çykarmagy, şeýle-de ýygym işleri bilen bir hatarda şol güni gowaça meýdanlarynyň gapdalynda hatyra çärelerini geçirmegi meýilleşdirýärler diýip, sebit merkeziniň häkimliginden döwlet-edara kärhanalaryna iberilen tabşyrykdan habarly bir býujet işgäri aýdýar.

Şol bir wagtda, Hatyra güni mynasybetli gowaça meýdanlarynyň gapdalynda sadaka çärelerini geçirmek üçin, býujet işgärlerinden adam başyna 20 manatdan pul toplanýar.

Türkmenistanda 6-njy oktýabrda 1948-nji ýylda Aşgabatda bolan betbagtçylykly ýer titremesiniň pidalary we II Jahan urşunda hem-de Gökdepe söweşinde wepat bolan goragçylar hatyralanýar. Ählihalk matam gününde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär.

Ýöne Lebap welaýatynda häkimiýetler, Hatyra güni göz öňünde tutýan mejbury pagta ýygym kampaniýalaryny hem-de onuň gapdalyndan meýilleşdirýän hatyra çärelerini amala aşyrsalar, ozal görlüp-eşidilmedik tejribeleri durmuşa geçirerler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan býujet işgäri 6-njy oktýabra meýilleşdirilýän köpçülikleýin pagta kampaniýasynyň şenbe we ýekşenbe günlerinde hem güýçli depginde dowam etdirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýdýar.

Ýatlasak, mundan ozal resmi taýdan 11-nji sentýabrda girişilen pagta möwsüminden birnäçe gün soňra, 15-nji sentýabrda welaýat häkimligi ençeme döwlet edara kärhanalarynyň, şol sanda lukmançylyk edaralarynyň hem-de aragatnaşyk kärhanalarynyň işgärlerini mejbury pagta ýygymyndan boşatdy. Muňa garamazdan, mugallymlaryň ýygym işlerine çekilmeginiň dowam etdirilendigi mälim boldy.

15-nji sentýabr gabatlary birmeňzeş kararlar Marynyň welaýat häkimliginde hem kabul edildi. Şonda talyplar we býujet işgärleri, şol sanda mugallymlar we çagalar baglarynyň terbiýeçileri mejbury pagta ýygmakdan boşadyldy.

Ýöne sebitlerde iki hepde töweregi dowam eden “wagtlaýyn” arakesme uzak ýaşamady.

28-nji sentýabrda Lebapda mejbury pagta ýygym möwsümi gaýtadan güýçlendi we hepdäniň dowamynda býujet işgärleriniň 30 göterimi, hepdäniň ahyrynda bolsa ähli býujet işgärleri gaýtadan güýçli depginde gowaça meýdanlaryna çekilip başlandy.

Ýerli häkimiýetleriň 6-njy oktýabrdaky planlaryndan habarly býujet işgäri ähli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylaryna we orunbasarlaryna Matam güni göz öňünde tutulýan ýygym kampaniýalaryna gözegçilik etmegiň tabşyrylandygyny aýdýar.

Şeýle-de, şol güni býujet işgäriniň öz ornuna gowaça meýdanyna hakyna tutma işçi ugratmagyna rugsat berilmeýär.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde pagta ýygymyna resmi taýdan yglan edilen seneden, 11-nji sentýabrdan has ozal, awgustyň ortalarynda girişildi.

Azatlygyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda Mary we Balkan welaýatlarynda mejbury pagta ýygymynyň ozal görlüp-eşidilmedik derejede möwjeýändigini habar berdiler. Şeýle kampaniýalaryň fonunda ýurduň günbatar welaýatynda häkimiýetler hojalyklarda hatda maşgala çäreleriniň, şol sanda toýlaryň we sadakalaryň geçirilmegini çäklendirmegi hem tabşyryk berdiler.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini ýyllar boýy pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edýärler.

Mejbury pagta kampaniýalaryndan ýüz öwren býujet işgärleri, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň hem-de giň ýaýran işsizligiň arasynda, köplenç iş orunlaryny ýitirmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Şu ýyl ýurt boýunça 580 müň gektar meýdana ekilen gowaçadan 1 million 250 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynda 6-njy oktýabrda ýene bir gezek gaýtadan güýçlendirilýän mejbury pagta ýygym kampaniýasy barada sebit häkimliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri, şol sanda elektron neşirler ýurduň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanylýandygyny agzamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Астролог Персидский назвал знаки зодиака, которым идеально подходит удаленная работа

В Норильске открылся новый туристический центр

Авария на Алтае унесла жизни двух девочек-подростков

Зарема Салихова об игре Угальде в "Спартаке": куда пропали 15 миллионов

Музыкальные новости

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Театр кукол «Ульгэр» выступил в райцентре Бурятии в День Пушкина - Россия, Культура, Дети

Госцирк Бурятии возглавил Тудуп Батуев: Театр и цирк, Культура, Россия

Новости России

Астролог Персидский назвал знаки зодиака, которым идеально подходит удаленная работа

В Норильске открылся новый туристический центр

XIX Всероссийский Форум-выставка «ГОСЗАКАЗ» пройдет ...

В окружении Суровикина опровергли слухи о появлении генерала в Кремле

Экология в России и мире

Оксана Федорова представила на выставке-форуме «Россия» премьеру фильма «Петербург Шаляпина и Рахманинова»

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

"Глория Джинс" открывает первые магазины Ready! Steady! Go!

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Спорт в России и мире

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима

Хачанов победил Шевченко во втором круге турнира ATP в Риме

Теннисист Медведев может спуститься на пятое место в ATP после "Мастерса" в Риме

Moscow.media

В Подмосковье росгвардейцы почтили память Героев Великой Отечественной войны и возложили цветы к мемориальным комплексам региона.

Дети из Узбекского землячества Бурятии увидели театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Смонтированы пролеты четырех мостов на трассе Дюртюли – Ачит в Пермском крае

Еще 36 м надвижки на мосту через Каму







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *