Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Bilet ýetmezçiligi sebäpli ýolagçylar otly geçelgelerinde syýahat edýär

“Aşgabatdan Türkmenbaşa otly gatnawy her gün göz öňünde tutulan bolsa-da, bu ugur boýunça üpjünçilik ýolagçylaryň talabyny kanagatlandyryp bilmeýär. Kupelerde ýer tapmadyk adamlar 14 sagatlyk çemesi ýoly indi diňe bir geçelgelerde däl, eýse wagonlaryň arasyndaky geçitlerde hem ýatyp geçirýärler” diýip, ýakynda paýtagtdan Hazaryň kenaryndaky şähere syýahat eden habarçymyz şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.


Ol Aşgabatdan-Türkmenbaşa her gün gatnawy amala aşyrýan 606-njy belgili otlynyň sekiz plaskart, dört kupe, bir VIP we bir restoran wagonlaryndan ybaratdygyny aýdýar. Emma ortaça hasapda 800 adama niýetlenen bu otlynyň her bir ugry boýunça müňden hem aşa ýolagçynyň gatnadylýandygy bellenilýär.




“Aýratyn ýer üçin resmi ýagdaýda bilet satyn alyp bilmedik adamlar, ýolbeletler bilen özara gürleşip, 200 manat paranyň öwezine otla münýärler. Ýöne olar tutuş ýoly geçelgelerde käte oturyp, käte-de ýatyp geçirýärler. Olaryň arasynda aýal maşgalalar, şol sanda gartaşan adamlar, ýaş çagalar hem köp” diýip, Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça dowamly gatnaýan ýolagçylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.


Türkmenistanda ilat uçar we otly biletleriniň ýeter-ýetmezçiligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Bu bökdençlikler biletleriniň töweregindäki para-berimi hem möwjedýär.


Habarçymyzyň söhbetdeşi kassalardan bilet satyn almagy başaran ýolagçylara hem, resmi ýagdaýda başga-da goşmaça tölegleriň töledilýändigini belledi.


“Plaskart ýeriň bahasy 21.70 manat, küpeňki hem 40.90 manat. Ýöne munuň üstüne dürli hyzmatlar diýip ýene-de şonça töweregi pul soralýar. Mysal üçin, umumy hyzmat diýip 12 manat, düşek-örtgüler diýip 16 manat, hajathana kagyzy, sabyn üçin 4 manat dagy soralýar. Ýöne bularyň köpüsi iş ýüzünde ýok. Häkimiýetler bir tarapdan biletleriň bahasyny üýtgewsiz saklaýarys diýseler-de, beýleki tarapdan her dürli hyzmat diýip goşmaça töleg töledýärler” diýip, ýolagçylaryň biri nägileligini bildirdi.




Ol eger-de häkimiýetler ýolagçylaryň talabyna laýyk otly üpjünçiligini ýola goýsalar, munuň diňe bir gatnaw rahatlygyny däl, eýse döwlet býujetine hem goşmaça girdeji getirjekdigini belledi.


Azatlyk bu aýdylanlar barada ýurduň "Demirýollary" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *