Norweg ýazyjysy Jon Fosse edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldy
Norweg ýazyjysy Jon Fosse 5-nji oktýabrda "aýdylmaýan zatlary aýdýan täzelikçi oýunlary we kyssa eserleri üçin" Nobel baýragyna mynasyp boldy.
Onuň eserleri "ugruny ýitiren adamy" açyp görkezýär diýip, şwed akademiýasy aýtdy.
64 ýaşly Fosse 40 çemesi pýesa, şol sanda roman, gysga hekaýa, çagalar kitaplaryny, goşgulary we oçerkleri ýazdy.
Bu baýrak, edebiýat dünýäsiniň iň abraýly sylaglarynyň arasynda, şwed akademiýasy tarapyndan 11 million şwed krony (takmynan 1 million dollar) baýrak bilen berilýär.