Demirgazyk Koreýa-Russiýa demirýol gatnawynyň ýygjamlaşmagy ýarag üpjünçiligini yşarat edýär
Şu hepde Demirgazyk Koreýa bilen Russiýanyň serhedindäki demirýol gatnawy soňky ýyllarda görülmedik derejede ýygjamlaşdy we, bu iki ýurduň liderleriniň has çuňňur harby hyzmatdaşlyk barada geçiren gepleşiklerinden soň, Phenýanyň Moskwany ýarag bilen üpjün edip başlandygyny aňladyp biler diýip, ABŞ-nyň pikir merkezi 6-njy oktýabrda aýtdy.
Hemra arkaly alnan suratlar Demirgazyk Koreýanyň serhetýaka şäheri bolan Rasondaky Tumangang demir ýol menzilinde surata düşürilen “görlüp-eşidilmedik” ýük wagonlaryny, 73-den gowrak ýük wagonyny görkezdi diýip, düýbi Waşingtonda ýerleşýän Strategiki we halkara barlaglar merkeziniň "Beyond Parallel” taslamasynyň täze hasabatynda aýdylýar.