Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Turkmen.news: Meşhur blogger Aşgabatda öldürildi

4-nji oktýabr gijesi meşhur blogger we stendap ýerine ýetirijisi Muhammet Mämmedow Aşgabatda öldürildi diýip, garaşsyz Turkmen.news neşiri habar berýär.


30 ýaşly şahandaz gije sagat iki töwereklerinde dosty bilen öýüne gaýdyp barýarka, birnäçe adam tarapyndan ýenjilipdir.


Neşire görä, wakada hüjümçiler diňe bloggeriň üstüne topulypdyrlar, dostuna degmändirler.


Türkmen sahnasynyň bir wekiliniň atlandyrylmazlyk şerti bilen garaşsyz neşire beren maglumatyna görä, waka Aşgabadyň 11-nji etrapçasynda, bloggeriň öýüniň golaýynda bolupdyr. Agyr ýenjilen blogger soňra hüjümçiler tarapyndan çalajan ýagdaýda öýüne eltilipdir. Ol ertesi güni kakasy we kämillik ýaşyna ýetmedik ogly tarapyndan öli tapylypdyr.


Muhammet Mämmedow 6-njy oktýabr güni özüniň dogduk topragynda, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda jaýlanypdyr.




Bloggeriň biwagt ölümi Instagram we TikTok ýaly sosial ulgamlaryň türkmen segmentinde tolgunyşyk döretdi. Ýüzlerçe teswirde bloggeriň ölümine gynanç bildirildi.


Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýegeni, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport göreş federasiýasynyň prezidenti Şamyrat Rejepow özüniň Instagram sahypasynda wagtlaýyn paýlaşan postunda Muhammet Mämmedowyň suratynyň gapdalynda gynanç sözlerini beýan etdi.


“Jaýyň jennet bolsun” diýip, Rejepow Instagramda ýazdy.


Turkmen.news bilen habarlaşan çeşmäniň sözlerine görä, blogger birnäçe aý mundan ozal Türkiýeden Türkmenistana dolanypdyr. Ol hiç haçan özüne abanýan nähilidir bir wehimler barada, ýa-da kimdir biri bilen aradaky dawa-jenjeller barada gürrüň etmändir.


Bu hadysa boýunça Aşgabatda häkimiýetler tarapyndan jenaýat işiniň gozgalyp-gozgalmandygy mälim däl. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurduň çäginde bolup geçýän jenaýat hadysalary barada hasabat bermeýär.


“Merhumyň kärdeşleri we sosial media teswirçileri bu pajygaly waka barada käbir düşnüksiz ýagdaýlara ünsi çekýärler. Birinjilik bilen, nädip adaty bozgaklar ýa-da ýönekeý ötegçiler bir adamy çalajan edip, ýenjip bilýärler we soňra bolsa öz öýüne eltip bilýärler? Bu ýagdaý munuň tersini subut edýär: Mämmedowa garaşypdyrlar we bilkastlaýyn ýenjipdirler. Ikinjilik bilen, Aşgabatda tas her ädimde diýen ýaly “02”, ýagny polisiýanyň kabinalary bar we işgärler gije-gündiz nobatçylyk edýärler. Nädip şeýle uruş wagtynda hiç kim hiç zady aňmady?” diýip, Turkmen.news ýazýar.


Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we elektron neşirler ýurtda bolup geçýän jenaýatçylyk hadysalary barada habar bermeýär.




Azatlyk Radiosy bloggeriň öldürilmegi baradaky habarlar boýunça onuň maşgala agzalaryndan teswir alyp bilmedi.


Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň bu hadysa boýunça Aşgabadyň şäher polisiýa bölüminden kommentariýa almak synanyşygy netije bermedi.


Internet çeşmelerinden mälim bolşuna görä, Mämmedow Instagram we YouTube ýaly saýtlarda öz wideo çykyşlaryny çap edýän ekeni. Ol özüniň stendap çykyşlaryny türkmen we rus dillerinde alyp barýan ekeni.


Türkmenistanda iri sosial saýtlaryň ählisi, şol sanda Facebook, Instagram we YouTube ýaly saýtlar berk petik astynda galýar. Ulanyjylar sosial ulgamlara girmek üçin VPN hyzmatlaryndan peýdalanmaly bolýarlar.


Şol bir wagtda, häkimiýetler ýurduň çäginde islendik media işini, şol sanda Internet ýyldyzlarynyň onlaýn çykyşlaryny berk gözegçilik astynda saklaýar. Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary türkmenistanly bloggerlerden ýurduň “ajaýyp keşbini görkezmegiň” talap edilýändigini habar berdiler.


Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanda Internet azatlygynyň ýagdaýyna pes baha berýärler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *