Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ysraýyl goşuny Gaza serhedine edýän gözegçiligini gaýtadan dikeltdi

Ysraýyl goşuny Gaza serhedine edýän gözegçiligini gaýtadan dikeltdi

Ysraýyl goşuny 10-njy oktýabr güni irden öz güýçleriniň Gaza zolagy bilen serhetdäki ýerlerine edýän gözegçiligini gaýtadan dikeldendigini we söweşiji toparyň 7-nji oktýabrda başlan görlüp-eşidilmedik hüjüminden soň Ysraýylyň içinde hamas söweşijileriniň 1500 töweregi jesedini tapandygyny aýtdy.

Hamas söweşijileriniň hüjüminde Ysraýylda 900 çemesi adam, şol sanda çöl aýdym-saz festiwalyna gatnaşýan ýaş adamlaryň azyndan 260 sanysy we 73 esger öldürildi.

Palestin häkimiýetleri 7-nji oktýabrdan bäri Gazada we Iordan derýasynyň günbatar kenarynda takmynan 700 adamyň ölendigini habar berdiler. Iki tarapdan müňlerçe adamyň ýaraly bolandygy aýdylýar.

Ysraýyl, premýer-ministr Benýamin Netanýahu Ysraýylyň ar alyş tagallalarynyň "diňe başlandygyny" duýduranyndan soň, Gaza indi üçünji gün agyr howa zarbalaryny urýar.

Hamas Palestinada bombalanan her bir raýat öýi üçin bir ysraýyl zamunyny duýduryş bermezden öldürjekdigini aýdyp, haýbat atdy.

Ysraýyl, Hamasyň atan haýbatyna garamazdan, olaryň pozisiýalaryna 75 ýyllyk taryhynda iň gazaply howa zarbalaryny urýandygyny aýtdy.

Netanýahu 9-njy oktýabrda milli telewideniýede eden çykyşynda “öňümizdäki günlerde duşmanlarymyza etjek zatlarymyz nesillere täsir eder” diýdi.

Ysraýyl goşuny, 2007-nji ýylda Hamasyň gözegçiligine geçen, Ortaýer deňzindäki Palestina anklawy bolan 2,3 million ilatly Gazada eýýäm ýüzlerçe nyşana hüjüm edip, uly weýrançylyk döretdi.

Birleşen Milletler Guramasy Gazada 180 müň adamyň öýsüz galandygyny aýtdy.

Hamas 130 töweregi adamy, şol sanda ysraýyl esgerlerini we raýatlaryny zamun alandygyny öňe sürenden soň, ýewropa ýurtlary we ABŞ öz raýatlaryny Ysraýyldan çykarmak üçin howlukdylar.

Ysraýylyň daşary işler ministri Eli Kohen zamun alnanlaryň hiç birine zyýan ýetirmezlik barada Hamasa duýduryş berip, munuň “bagyşlanyp bolmajak” uruş jenaýaty boljakdygyny aýtdy.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi bu hüjümi 8-nji oktýabrda ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçiren gyssagly ýygnagynda ara alyp maslahatlaşandan soň, konfliktiň ýaýramagynyň öňüni almak üçin güýçli diplomatik işleriň geçirilýändigini aýtdy.

Şeýle-de, BMG Ysraýyl Gaza zolagyny tutuşlygyna gabaw astyna alandan, elektrik we suw üpjünçiligini kesenden soň, sebitde barha agyrlaşýan gumanitar ýagdaýdan aladalanýandygyny mälim etdi.

BMG Howpsuzlyk Geňeşinde Birleşen Ştatlar Hamasyň ýazgarylmagyny isledi, Moskwa bolsa Ýakyn Gündogaryň parahatçylyk etabyna gaýdyp gelmegini goldaýan has giňişleýin beýanatyň gözleginde boldy.

Türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan Türkiýäniň Ysraýyl bilen palestinalylaryň arasyndaky konflikti bes etmek üçin araçy hökmünde çykyş etmäge taýýardygyny aýtdy.

Soňky günlerde Gazagystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň häkimiýetleri Palestina-Ysraýyl konflikti barada alada bildirip, taraplary ýaragly çaknyşygy bes etmäge, krizisi syýasy we diplomatik ýollar bilen çözmäge çagyryş etdiler. Türkmenistan bu waka bilen baglylykda hiç bir beýanat çap etmän, dymyşlygyny saklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Песков: Россия самым решительным образом осуждает покушение на Фицо

Шамана Александра Габышева оставили на принудительном лечении в психбольнице спецтипа

В ЦСКА рассказали о характере травм вратаря Торопа

Русско-китайское предупреждение Западу. Главные заявления Путина и Си Цзиньпина. Прямая трансляция

Музыкальные новости

Правительство РФ сообщило о перевыполнении планов по достижению цифровой зрелости национальной экономики

Эвелина Блёданс: Солнечная сказка для солнечных детей

Национальный конгресс по регенеративной медицине впервые пройдет в Санкт-Петербурге: ученые и врачи обсудят достижения и перспективы развития регенеративной биомедицины

Благодаря акции МТС Банка реабилитационная помощь в России станет доступнее

Новости России

Клиники будущего

Новосибирскую школьницу, изрезавшую одноклассницу, отправили на экспертизу в Москву

Песков заявил о решении РФ и КНР проблемы вторичных санкций через диалог

Суд отказал в иске о моральной компенсации за "голую вечеринку" Ивлеевой

Экология в России и мире

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

С чем носить джинсовое платье этой весной: примеры образов

Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

Показ Academy Kaurtseva Fashion Day III 24

Спорт в России и мире

Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Ангеліна Калініна поступилася восьмій ракетці світу Саккарі на турнірі WTA 1000 у Римі: результат

Соболенко вышла в полуфинал турнира WTA в Риме

Moscow.media

Танцы с ветром....

Военные следственные органы Следственного комитета Российской Федерации отмечают 157-ю годовщину образования

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Konica Minolta Business Solutions Russia и Facemetric предложат заказчикам решения на базе технологий компьютерного зрения







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *