Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabadyň eteginde köçelerdäki itler öldürilýär

Aşgabadyň eteginde köçelerdäki itler öldürilýär

Türkmenistanda häkimiýetleriň idegsiz itleri ýok etmeginiň ýene bir tapgyry geçýär. Köçelerde itleriň tutulmagy köpçüligiň gözüniň öňünde geçýän rehimsizlige öwrülýär. Bu aralykda, haýwanlary goraýan aktiwistler dowam edýän bu zalymlyga ýurt ýolbaşçylarynyň ünsüni çekmek umydy bilen prezidente ýüz tutýarlar.

Aşgabat şäheriniň eteginde ýaşaýjylar köçelerde itleriň tutmagyna degişli käbir pursatlary surata düşürmegi başardylar. Bu wakalaryň biri 30-njy sentýabrda Änewde boldy.

"Ganhorlar haýwanlary awlaýan ulagynda gelmediler. Daçalar tarapda çatrykda, senagat zolagynda bolan bu ýagdaýda öldürilen itleriň arasynda güjükli iki it bardy. Itler idegsiz däldi, olar kärhanada ýaşaýardy, işçiler we meýletinçiler olary iýmitlendirýärdi" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy wakanyň şaýatlaryna salgylanyp gürrüň berýär.

 

Bolan bu waka seýrek bir ýagdaý däl. Sosial ulgamlarda türkmen ulanyjylary “arassalaýyş amallaryndan” öň itleri halas etmäge çagyrýan habarlary yzygiderli çap edip durýarlar. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, Änewde köçelerdäki itleriň köpçülikleýin tutulmagy 7-nji oktýabrda ýene-de gaýtalanypdyr.

Köp itler köçelerde tötänleýin galýar we eýeleri tarapyndan gözlenýär. Haýwanlary goraýjylar we rehimli raýatlar, IMO-da habar ýaýradyp, ýiten itleriň eýelerine olary gözläp tapmaga kömek edýärler. Gynansagam, itleri tutýan gulluklaryň işgärleri käte öňürtýär we haýwanlary halas edip bolmaýar.

Şeýle hem, itleriň we pişikleriň ençemesi eýeleriniň ýurtdan çykyp gitmegi sebäpli köçelerde galýar. Käbirler öý haýwanlaryny alyp gitmegiň çylşyrymly talaplary we gymmatlygy sebäpli olary taşlap gidýärler. Habarçynyň sözlerine görä, haýwanlar üçin syýahat şahadatnamasynyň bahasy 500 manat, sanjymlar hem 500 manat, aeroportda weterinariýa barlagy ýene 500 manat (Merkezi bankyň kursy boýunça 143 dollar çemesi) we bilet 30 ABŞ dollary möçberde çykdajyny talap edýär.

Haýwanlary goraýjylaryň belleýşi ýaly, köçelerde tapylan itleriň arasynda alabaý tohum itleri hem bar. Emma Türkmenistanda döwlet derejesinde alabaý itleriň kultuna garamazdan, bu, köçede galan alabaý itlerini ýok edilmekden halas etmeýär.

Uly şäherleriň we kiçi ýaşaýyş nokatlaryň köçelerinde itleri we pişikleri köpçülikleýin ýok etmek çäreleri ençeme ýyl bäri dowam edýär, käte hasam güýçlenýär. Bolýan zatlar, köplenç muňa şaýat bolýan çagalara-da täsir edýär we olarda haýwanlara bolan rehimsizligi güýçlendirýär.

"Golaýda Aşgabadyň merkezinde öýsüz pişikleri iýmitlendirýän haýwanlary goraýja jaň edip, 'pişiklere öýüň daşyna çykmaň' diýmegi talap etdiler, sebäbi bu geçip barýan häkimiýetleri gaharlandyrýar. Bolmasa, kommunal gulluklaryň işgärleri olary zäherlär diýdiler", diýip, Aşgabatly haýwanlary goraýjy gürrüň berdi.

Ýurduň häkimiýetleri ençeme ýyl bäri haýwanlara garşy rehimsizlik wakalary barada resmi düşündiriş bermeýär we raýatlaryň köpçülikleýin ýüzlenmelerine köplenç jogap bermeýär.

Bu aralykda käbir üýtgeşmeler bolup geçýär. Hususan-da, Aşgabatda haýwanlary tutmak işlerini alyp baýan jemagat gulluklaryň işgärlerine täze ak reňkli awtoulaglary berlipdir, ozalky ulaglaryň reňki mämişidi.

Şeýle hem, aktiwistler Çoganlydaky zir-zibilleri gaýtadan işleýän zawodyň çäginde haýwanlaryň eltilýän nokadynda üýtgeşmeler bolupdyr.

Aşgabatly bir aktiwist, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen şeýle gürrüň berdi: “Ýeke-täk zat, [haýwanlar üçin] ölüm howply konslageriň - Çoganlydaky angaryň käbir tertip-düzgüne getirlmegidir, ýöne habarly adamlaryň aýdyşy ýaly ol ýere tutulan itleri däl-de, eýsem bildiriş boýunça alnan itleri ýerleşdirýärler, soň barlag bolanda görkezmek maksatly. Bu angar girdejili ýer. Ýöne diňe tohum itler satylýar, ýönekeý itler açlykdan ölmegini dowam etdirýärler. Angar raýatlar üçin ýapyk bolup, gaty gizlin desga ýaly saklanýar".

Şeýle-de bolsa, aktiwistler köçelerde tutulan itleriň henizem Çoganlyda ýerleşýän galyndylary gaýtadan işleýän zawodyň çägine äkidilýändigini, ýöne indi olaryň angara ýerleşdirilmän, derrew ýakylýandygyny aýdýarlar. Azatlyk Radiosy bu kärhananyň we Aşgabadyň administrasiýasynyň wekillerinden teswir alyp bilmedi.

Häkimiýetler dowam edýän zalymlyk barada düşündiriş bermese-de, haýwanlary goramaga çalyşýan raýatlar we rehimli ýaşaýjylar ýurduň ýolbaşçylaryna ýüz tutmak umydyny ýitirmeýärler we prezidentiň adyna hat ýollamagyny dowam etdirýärler. Köpçülikleýin hatlarynda raýatlar haýwanlary tutýan gulluklaryň aýry-aýry işgärleriniň adyny tutmak bilen zalymlyk hadysalary barada habar berýärler, emma özlerine jogap berilmeýändigini belleýärler. 

“Aşgabatly haýwan goraýjylaryň hatlarynyň prezidente ýetmändigi ähtimal, hatda onuň alnandygy hakynda habar hem bolmad, diňe hatyň 3-nji awgustda iberilendigi barada poçtadan hat berildi. Onuň mazmunyna aşa ýowuzlygy bilen tanalýan awçylaryň atlary hem goşuldy. Bu hat ugradylansoň [olaryň biri] köçelerde öldürilen itler bilen göze ildi" - diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Birnäçe ýyl ozal ýurduň ýolbaşçylary haýwanlara zulum edilýändigi barada çap edilen köpsanly habarlaryň arasynda idegsiz haýwanlar üçin penahana we klinikany gurmak kararyny yglan etdiler. Şonda Gurbanguly Berdimuhamedowyň  döwletiň hasabyna başpena döretmek inisiatiwasyny durmuşa geçirmek üçin raýatlardan 62 müň dollardan gowrak pul ýygnaldy. Ýokary derejede wada berlen bu penahana gurulmady, şol serişdeleriň nämä sarp edilendigini ýurduň metbugaty habar bermedi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

С завтрашнего дня в Москве начнут отключать отопление

Режим работы столичных ярмарок выходного дня изменится с 17 мая

Из Красноярска добавят еще один рейс в Москву

Суд отказал в иске о моральной компенсации за "голую вечеринку" Ивлеевой

Музыкальные новости

Пензенская область вошла в число 10 регионов, где «Пятерочка» и Российский Красный Крест запустили пилотный проект «Уголки здоровья»

Полезные приложения для поклонников спортивной ходьбы

Пианист Мацуев: "Спартаку" нужно менять стратегию, чтобы бороться за чемпионство

Чемпионат России по футболу для людей с ограниченными возможностями начался в Дзержинске

Новости России

Миранчук вышел на замену в финале Кубка Италии во втором тайме

Ради помощь детям с онкологией в Орле вновь прозвучала "Музыка добрых сердец"

Самым популярным у российских туристов городом на майских стала Москва

Летняя оздоровительная кампания охватит порядка 180 тыс. детей в Подмосковье

Экология в России и мире

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

Стало известно, куда неожиданно и массово устремились российские туристы на майские: это оказался вовсе не обычный курорт, а работающий по специальному закону

Страдания юного Аюша Булчун

Спорт в России и мире

Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме

Теннисист Медведев может спуститься на пятое место в ATP после "Мастерса" в Риме

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

Новак Джокович низко оценил свою готовность к «Ролан Гаррос» и Олимпиаде-2024

Moscow.media

Танцы с ветром....

«Биржа грузоперевозок ATI.SU» запустила сервис «Выгодные направления»

Из-за дефектов на мосту через Волгу на трассе А-298 в Саратовской области ограничили скоростной режим

Краски севера V







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *