Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi
Türkmenistan goňşy Owganystanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhaamedow goňşy ýurda 7-nji oktýabrda Hyrat sebitinde bolan ýertitremesinden soň iberilmeli kömek baradaky buýruga gol 10-njy oktýabrda çekdi.
Dermanlardan we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma, azyk önümlerinden ybarat kömegiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde we guramagynda iberilendigi nygtalýar.
Türkmenistan goňşy ýurtda bolan ýer titremesiniň öz çägine ýetiren ol ýa-da beýleki derejedäki täsiri barada maglumat bermeýär.