Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ÝHHG: Türkmen mejlisine geçirilen saýlawlarda bäsdeşlige we köp pikirlilige ýol berilmedi

ÝHHG: Türkmen mejlisine geçirilen saýlawlarda bäsdeşlige we köp pikirlilige ýol berilmedi

ÝHHG-niň Türkmenistanda şu ýylyň mart aýynda geçirilen parlament saýlawlary barada çap eden jemeýli hasabatynda saýlawlarda bäsdeşlik we plýuralizm bolmady diýlen netije öňe sürüldi. Türkmenistanyň kanunlaryna görä, Mejlis döwletiň ýeke-täk kanun çykaryjy organydyr.

Türkmenistanda 2023-nji ýyldaky parlament saýlawlary hakyky bäsdeşlik we plýuralizm bolmadyk ýagdaýynda geçirildi we konstitusiýa esasy azatlyklary kepillendirýän hem bolsa, olar gaty çäkli bolmagyna galýar diýlip, ÝHHG-nyň Demokratik Guramalar we Adam Hukuklary Edarasynyň (ODIHR) saýlawlara baha beriji missiýasynyň gelen jemleýji netijesinde aýdylýar. Bu hasabat 10-njy oktýabrda guramanyň web sahypasynda çap edildi.

Guramanyň saýlawlara baha bermek boýunça missiýasy 2023-nji ýylyň 12-nji martyndan 28-nji martyna çenli Türkmenistanda boldy.

Guramanyň beren bahasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň döwlet tarapyndan berk gözegçilikde saklanmagynyň we internete girmeginiň çäklendirilmeginiň saýlawçylaryň maglumat hukugyny hasam çäklendirendigi bellenýär.

Hususan-da, hukuk binýadynyň demokratik saýlawlary geçirmek üçin düýpli esas bermeýändigi, saýlaw administrasiýasynda garaşsyzlygyň ýokdugy we saýlawlary guramakda möhüm kemçilikleriň ýüze çykandygy, dalaşgär bolmak hukugynyň bikanun çäklendirilýändigi we dalaşgärler saýlawçylara hakyky syýasy alternatiwalary hödürläp bilmändigi maglumatda bellenýär.

26-njy martda geçirilen saýlawlarda mejlisiniň ýedinji çagyryşynyň deputatlary, şeýle hem welaýat, etrap we şäher halk geňeşleriniň bäşinji çagyryşyň agzalary saýlandy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary saýlaw wagtynda dürli düzgün bozmalaryň bolandygyny habar beripdi. Hususan-da, käbir sebitlerde saýlawçylardan öz garyndaşlaryna, şol sanda ýurduň daşyndakylara derek ses bermegiň talap edilendigi mälim bolupdy. Aşgabatdaky habarçymyz saýlaw güni öz saýlaw uçastogyna ses bermek üçin baranda, şol ýerde oňa maşgalasynyň dört agzasy üçin býulleten berlipdi, bu bolsa düzgüne ters gelýär.

Şeýle-de, Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri saýlawçylaryň arasynda ses berişlige gyzyklanmanyň bolmandygyny we olaryň dalaşgärleri tanamaýandygyny habar beripdi. Ýurduň dürli sebitlerinde parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda häkimiýetler saýlawçylaryň dalaşgärler bilen duşuşyklary gurap, döwlet edaralarynyň işgärlerini gatnaşmaga mejbur edipdi.

Mundan başga-da, ýurduň ilaty saýlaw kampaniýasyny maliýeleşdirmäge mejbur edilipdi. Döwlet işgärlerinden býulletenler, saýlaw uçastoklaryny taýýarlamak üçin, saýlaw wagtynda ulanylan plakatlar, şygarlar we beýleki çykdajylar üçin pul toplanypdy. Türkmen kanunçylygyna laýyklykda saýlawlaryň guramaçylygy üçin çykdajylar Türkmenistanyň döwlet býudjetinden maliýeleşdirilmeli.

Döwlet habar beriş serişdeleri saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilendigini habar berdiler we üç partiýanyň - Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, hem-de Agrar partiýasynyň wekilleriniň we garaşsyz raýat toparlarynyň dalaşgärleriniň parlamentdäki 125 orna bäsleş bolandygyny habar beripdi.

Türkmenistanda geçirlen hiç bir saýlaw hiç wagt halkara guramalary tarapyndan adalatly we erkin diýlen baha eýe bolmandy.

ÝHHG-nyň Demokratik Guramalar we Adam Hukuklary Edarasynyň hasabatynda Türkmenistana saýlawlaryň geçirilişini gowulandyrmak, guramanyň borçnamalaryna, şeýle hem demokratik saýlawlar boýunça beýleki halkara borçnamalaryna laýyk getirmek üçin 20 sany teklip hödürlenýär.

Teklipler şulary öz içine alýar: Maşgala agzalaryna we ynanç haty boýunça ses berişligiň, galp býulletenleriň goşulmagynyň we ses berijileriň gatnaşyk derejesiniň galplaşdyrylmagynyň öňüni almak üçin düzgünlerini ornaşdyrmak we tälim bermek işlerini durmuşa geçirmek; Döwlet bilen saýlaw bäsdeşleriniň arasynda aýdyň aýralygy üpjün etmek; Syýasy partiýalaryň we dalaşgärleriň öz saýlaw çärelerini guramak azatlygyny kepillendirmek; Köpçülikleýin habar beriş serişdelerine öz redaksiýa syýasatlaryny ýöretmek we has giň nukdaýnazary görkezýän has dinamiki media şertlerini döretmek üçin erkinlik bermek.

2023-nji ýyldaky parlament saýlawlary Türkmenistanyň syýasy gurluşyndaky nobatdaky reformadan soň mejlisiň ýene-de bir palataly organa öwrülmeginiň yzýany geçiridi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Салихова — об игре Угальде в матче с «Балтикой»: куда пропали на поле €15 млн

Новый дом построили в микрорайоне Рекинцо-2 в Солнечногорске

На северо-западе Москвы женщина на несколько дней оставила 12-летнего сына-инвалида в квартире

Москвичка оставила ребенка с ДЦП одного на пять дней, сейчас он в больнице

Музыкальные новости

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Благодаря акции МТС Банка реабилитационная помощь в России станет доступнее

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Сергей АРУТЮНОВ на своём сольном концерте в Государственном Кремлёвском Дворце презентовал дуэт с Родионом Газмановым. Артисты вместе исполнили хит “Люси”

Новости России

Эвелина Блёданс: Солнечная сказка для солнечных детей

20 мая в филиалах МОККВД пройдет день бесплатной диагностики родинок

Свыше 350 студентов подготовят к работе вожатыми в Подмосковье

Многодетная семья Сергеевых: «55 лет вместе благодаря взаимному пониманию и поддержке»

Экология в России и мире

Участники Всероссийской олимпиады школьников по математике выбрали Marins Park Hotel Нижний Новгород

Работники сервисного локомотивного депо (СЛД) «Чернышевск» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» заняли призовые места в соревнованиях Роспрофжел «Мы вместе»

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Дети из землячества Узбекистана в Улан-Удэ стали зрителями театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Спорт в России и мире

Без защиты: как Медведев и Хачанов проиграли свои матчи в Риме

Хачанов победил Шевченко во втором круге турнира ATP в Риме

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Moscow.media

Осень в Хибинах...

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»

Столичные росгвардейцы задержали мужчин, подозреваемых в хранении наркотиков







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *