Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Pagta möwsüminde maryly ýygymçylar tölegleriň ujypsyzdygyny aýdýarlar

Pagta möwsüminde maryly ýygymçylar tölegleriň ujypsyzdygyny aýdýarlar

Mary welaýatynda dowam edýän pagta möwsüminde mejbury kampaniýalaryň bes edilmeginiň yz ýany, meýletin pagta ýygymçylary öz zähmetine ujypsyz tölegleriň tölenilýändigini aýdýarlar.

“Ýygnalan pagtanyň her bir kilogramyna 50-60 teňňe aralygynda töleg töleýärler. Çöl ýerlerindäki gowaça meýdanlarynda bir kilogram pagta üçin 70-80 teňňe töleg tölenilýär. Uzakly günüň dowamynda 50-60 kilogram pagta ýyganyňda hem uly pul bolmaýar” diýip, ýerli ýygymçylar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Bu tölegler ABŞ dollarynyň resmi alyş çalyş nyrhy boýunça takmynan 15-25 sent, gara bazar nyrhy boýunça 3-5 sent aralygynda bolýar.

El bilen ýygnalan pagta hasylynyň tölegleriniň pes bolmagy meýletin ýygymçylary zähmete höweslendirmeýär.

Şol bir wagtda, gowaça ösdürip ýetişdirýän kärendeçi daýhanlar ýygymçylara tölenilýän ujypsyz tölegleriň arasynda pagta ýygymyna adam tapmagyň kynlaşandygyny, pagta ýygyjy kombaýnlaryň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar. Üstesine, kärendeçiler ýygnalan hasyl boýunça doly hasaplaşygyň pagta möwsüminiň tamamlanmagyndan soňra geçiriljekdigini belleýärler.

Türkmenistanda pagtaçy daýhanlar özlerine döwlet tarapyndan bölünip berlen ekerançylyk meýdanlarynda döwlet tabşyrygy boýunça gowaça ösdürip ýetişdirýärler we ýygnalan hasyly döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlanýarlar. Öz gezeginde, döwlet daýhanlary mineral dökünleri we oba hojalyk tehnikalary bilen ýeňillikli üpjün etmegi öz üstüne alýar.

Şeýle-de, Türkmenistanda däp bolan tejribelere görä, pagtaçy ýer eýelerine ýygym möwsüminde gapdaldan tölegli ýygymçy tutmaga rugsat berilýär. Meýletin ýygymçylara köplenç her 10 günde bir gezek ýygan pagtalaryna töleg tölenilýär.

Bir tonna pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy Türkmenistanda 2018-nji ýylda, hiline we ýygnalan möwsümine görä, 1355-2000 manat aralygynda ýokarlandyryldy.

Nobatdaky pagta möwsümine 11-nji sentýabrda resmi taýdan badalga berilmeginiň yz ýany, ýurduň dürli sebitlerinde mejbury pagta ýygymynyň güýçlenmegi baradaky habarlaryň ýygjamlaşmagy bilen, sentýabryň ortalarynda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň ýygym işlerine çekilmegi Lebap welaýatynda bölekleýin, Mary welaýatynda doly togtadyldy.

Ýöne sentýabryň ahyrynda Lebap welaýatynda býujet işgärleri gaýtadan pagta möwsümine çekilip başlandy, Mary welaýatynda bolsa mejbury kampaniýalar boýunça girizilen gadaganlyk öz güýjünde galdy.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 9-njy oktýabrda welaýat häkimleri we ýokary derejeli oba hojalyk resmileri bilen iş maslahatyny geçirip, “pagta hasylynyň bellenen möhletde ýitgisiz ýygnalmagyny” tabşyrdy.

Türkmenistanda şu ýyl 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar ýurduň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanylmagyny yzygiderli tankyt edýärler.

Türkmenistan dünýäde iň iri pagta öndüriji ýurtlaryň hatarynda galýar. Sowet häkimiýeti ýyllaryndan bäri ýurduň ekerançylyk meýdanlarynda pagta hasyly ösdürip ýetişdirilýär.

Şol bir wagtda, ýurduň çäginde onlarça dokma senagaty kärhanalary hereket edýär.

Mary welaýatynyň gowaça meýdanlarynda pagta ýygymyna gatnaşýan ýygymçylar ujypsyz töleglerden şikaýat edýän mahaly, Döwlet haryt-çig mal biržasy Türkmenistanda öndürilen nah ýüplüginiň bir kilogramynyň daşary ýurtly işewür toparlaryna 2 ABŞ dollaryndan satylýandygyny habar berýär.

Biržada 9-njy oktýabrda hasaba alnan söwdalaşyklara görä, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlary Dokma senagaty ministrliginden Türkmenistanda öndürilen nah ýüplüginiň her kilogramyna 2 dollar töleg töläp, umumy bahasy takmynan 977 müň dollara barabar bolan pagta önümini satyn alypdyrlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Девочку с двумя кистами яичников спасли в больнице в Люберцах

Синоптик рассказал о погоде в выходные дни в Москве

Общественно-деловую недвижимость построят в Тропарево-Никулине на месте недостроя

Более 1 млн проездов по трассе М-12 Восток совершили автомобилисты в майские праздники

Музыкальные новости

Искусство продвинутого анализа в спортивном прогнозировании

Национальный конгресс по регенеративной медицине впервые пройдет в Санкт-Петербурге: ученые и врачи обсудят достижения и перспективы развития регенеративной биомедицины

"Динамо" обыграло "Балтику", дважды забив в компенсированное время

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о роли несырьевого экспорта в российской экономике

Новости России

В Мытищах начали строительство детского сада на 225 мест в мкр Метровагонмаш

Более 1 млн проездов по трассе М-12 Восток совершили автомобилисты в майские праздники

Общественно-деловую недвижимость построят в Тропарево-Никулине на месте недостроя

Синоптик рассказал о погоде в выходные дни в Москве

Экология в России и мире

Дети из землячества Узбекистана в Улан-Удэ стали зрителями театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

Участники Всероссийской олимпиады школьников по математике выбрали Marins Park Hotel Нижний Новгород

Большинство российских туристов к 2030 году пересядут на этот вид транспорта

Спорт в России и мире

Соболенко вышла в полуфинал турнира WTA в Риме

Без защиты: как Медведев и Хачанов проиграли свои матчи в Риме

Кто транслирует бой Табило против Джоковича на турнире Rome Masters 1000?

Ангеліна Калініна поступилася восьмій ракетці світу Саккарі на турнірі WTA 1000 у Римі: результат

Moscow.media

Военные следственные органы Следственного комитета Российской Федерации отмечают 157-ю годовщину образования

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Артисту оркестра ОМОН «Авангард» ГУ Росгвардии по г. Москве Алексею Огурцову присвоено звание «Почетный деятель искусств города Москвы»

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *