Blinken ABŞ-nyň raýdaşlygyny nygtamak üçin Ysraýyla sapar edýär
Ysraýyl we Hamas dördünji gün, Gazada müňlerçe adamyň öldürilmegine sebäp bolan uruşda bir-birine garşy has kän agyr zarba urdular. Ysraýyla ABŞ-nyň berk raýdaşlygyny nygtamak üçin gelen döwlet sekretary Antoni Blinken, palestinaly parahat adamlary goramak üçin, seresap bolmaga çagyrdy.
Hamasyň ýaragly adamlary 1200 ysraýyllyny, hususan-da köp parahat adamy öldüreninden we 150 töweregi adamy zamun alanyndan soň, Ysraýylyň goşuny gür ilatly ýere garaşylýan çozuşyň öňünden Hamasyň pozisiýalaryna müňlerçe zarba urdy.
Uzak wagt bäri gabalan sebitde ýaşaýan, Ysraýylyň suw, azyk we elektrik üpjünçiliklerini kesmegi bilen ýüzbe-ýüz bolan we 15 ýylda bäşinji urşy başdan geçirýän Gaza ilaty, 2,4 million adam üçin uruş gorkusy ýokarlanýar.