HPG Türkmenistanyň JIÖ ösüş çaklamasyny ýokarlandyrdy
Halkara pul gaznasy (HPG) Türkmenistandaky jemi içerki önüm ösüşi baradaky çaklamasyny 2,1%-den 2,5%-e çenli ýokarlandyrdy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” gaznanyň soňky synyna salgylanyp habar berýär.
Halkara pul gaznasynyň şu ýylyň maý aýynda eden çaklamasy bilen deňeşdirilende, Dünýä ykdysady synynyň täze barlaglary Türkmenistanyň jemi içerki önüm ösüşiniň şu ýylda garaşylýan derejesiniň 2,1% -den 2,5% -e çenli ýokarlanyp biljekdigini yşarat edýär.
Bu ösüş derejesi Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan yglan edilen resmi maglumatlarda görkezilen derejeden 2,5 esse pes. Türkmen hökümetiniň hasaplamalaryna görä, ýurduň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,2% bolup durýar.
Gaznanyň häzirki çaklamalaryna görä, Türkmenistanyň jemi içerki önümiň ösüşi 2024-nji ýylda 2,1% -e çenli peseler, 2028-nji ýylda bolsa 1,9% -e çenli aşak gaçar.
HPG-nyň çaklamalaryna görä, 2023-nji ýylda Türkmenistandaky sarp ediş bahalary 5,9%-e, 2024-nji ýylda - 10,5%-e, 2028-nji ýylda 10%-e çenli ýokarlanar.
Türkmenistanyň hökümeti ýurduň ykdysadyýetiniň “bedew bady bilen ösýändigini” aýdýar, emma ýaşaýjylar durmuşyň ýyl-ýyldan gymmatlaýandygyny, köçelerde el serýän uly adamlaryň we çagalaryň, daşary ýurtlara iş gözlemäge gitjek raýatlaryň sanynyň barha köpelýändigini aýdýarlar.