NATO indiki hepde ýyllyk ýadro türgenleşigini geçirer
NATO gelýän hepdede wajyp ýadro türgenleşigini geçirer diýip, Bileleşigiň başlygy 12-nji oktýabrda aýtdy. Bu habar Russiýanyň ýadro synaglarynyň geçirilmegini gadagan edýän global şertnamadan çykjakdygyny duýdurmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
NATO-nyň “Durnukly günortan” maşklary her ýylda geçirilýär we bir hepde töweregi dowam edýär.
Bu maşklar ýadro ýaraglaryny götermäge ukyply söweş uçarlarynyň gatnaşdyrylmagyny hem öz içine alýar, ýöne onuň dowamynda hakyky bombalar ulanylmaýar.
"Bu her ýylyň oktýabr aýynda bolup geçýän adaty okuw-türgenleşik çäresi" diýip, baş sekretar Jens Stoltenberg aýtdy.
"Bu ýyl okuw türgenleşikleri Italiýanyň, Horwatiýanyň asmanynda we Ortaýer deňzinde geçiriler."