Onlarça tatar aktiwisti 1552-nji ýylda ýykylan Kazan hanlygynyň goragçylaryny ýatlady
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda onlarça aktiwist toplanyp, 1552-nji ýylda rus goşunlary tarapyndan gabawa alnan şäheriň goragynda wepat bolan tatarlary hatyraladylar.
Emma muňa garamazdan, häkimiýetler Kazan hanlygynyň ýykylmagynyň 451 ýyllygy mynasybetli gurnalmakçy bolan köpçülikleýin ýygnanyşyga resmi taýdan rugsat bermekden ýüz öwürdiler.
Bu sene ýa-da hatyra güni Sowet Soýuzy dargaly bäri bellenip gelinýär.
Aktiwistler 15-nji oktýabrda Kazandaky Soýembike diňiniň golaýyna ýygnandylar we Kazanyň goragçylaryny hatyralamak üçin köpçülikleýin doga etdiler.
Kazan häkimiýetleri soňky ýyllarda aktiwistleriň bu hili çäreleri geçirmeklerine, ýurt goragçylaryny ýatlamaklaryna rugsat bermek islemeýär.