Alyýew Dagly-Garabagyň ozalky paýtagtynda azerbaýjan baýdagyny galdyrdy
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bazar güni Hankendi şäherinde (öz-özüni jar eden Dagly-Garabagyň öňki paýtagty Stepanakert) ýurduň baýdagyny galdyrdy.
Mundan başga, Alyýew 19-njy sentýabrda sebitde geçirilen harby operasiýadan soň Bakuwyň gözegçiligine alnan Hojalyda, Agderde we Garabagyň beýleki ilatly ýerlerinde azerbaýjan baýdaklaryny galdyrdy.
Şeýlelikde, Azerbaýjan Garabagdaky özygtyýarlylygyň doly dikeldilendigini görkezdi.
Garabag halkara hukugyna laýyklykda Azerbaýjanyň bir bölegi hasaplanýar. Sebitiň ilaty esasan ermenilerden durýardy. Baku 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri bu territoriýanyň köp bölegine gözegçilik edip bilmedi; bu ýerde dünýäde hiç bir ýurt tarapyndan ykrar edilmedik Dagly-Garabag respublikasy jar edildi. Dagly-Garabagyň özünden başga, ermeni goşuny Azerbaýjanyň Garabaga girmeýän ýerlerini hem basyp aldy.
Azerbaýjan 19-njy sentýabrda bir günlük harby operasiýa geçirip, ykrar edilmedik Dagly-Garabag respublikasynyň hökümetini boýun egmäge mejbur etdi.
Dagly-Garabagyň ermeni ilaty yzarlamalardan howatyr edip, köpçülikleýin ýagdaýda öýlerini terk etdi. BMG-niň hasaplamalaryna görä, birnäçe hepdäniň içinde bu sebitde ýaşaýan 120 müň ermeniniň bir çemesinden başgasy göçüp gitdi.
Ýerewan ilatyň çykyp gitmegini etniki arassalaýyş diýip atlandyrdy.
Azerbaýjan häkimiýetleri ýaşaýjylary sebitden gitmezlige çagyrdy we Bakuwyň Garabagyň ermeni ilatynyň gaýtadan birleşdirilmegi barada gepleşik geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.