Ysraýylyň gury ýer hüjümi wehimi Gazanyň hassahanalaryny we mekdeplerini adamdan doldurdy
Gabalan Gazadaky palestinalylar, pena agtaryp we azyk, suw ýetmezçiligi sebäpli, 16-njy oktýabrda hassahanalara we mekdeplere ýygnandylar.
Günorta Ysraýyla çozan Hamasy we onuň söweşijilerini ýok etmek maksady bilen guralmagyna garaşylýan gury ýer hüjüminiň öňüsyrasynda, bir milliondan gowrak adam ýaşap oturan öýlerinden gaçdy.
Hamasyň harby infrastrukturasynyň köp bölegi şäher ýerlerinde ýerleşýär we, köçeme-köçe görnüşinde ýaýbaňlanjak söweşleriň iki tarapda-da kän adam pidasyna sebäp bolmagy mümkin.
Ysraýyl gury ýer hüjüminiň başlanjak wagtyny anyklaşdyrmady.
Gazanyň Saglygy goraýyş ministrligi söweş başlanaly bäri 2670 palestinalynyň öldürilendigini we 9600 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.