Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa sapar edýär
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bir guşak, bir ýol» maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaýa iş saparyna bardy.
Saparyň çäginde ol «Bir guşak, bir ýol» ady bilen geçirilýän üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşar we Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin bilen duşuşar diýip, TDH habar berýär.
«Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahaty Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň 60-dan gowrak ýurduny birleşdirýän täze söwda-transport geçelgelerini döretmek, häzirki hereket edýän geleçelgeleri kämilleşdirmek boýunça Hytaý tarapyndan başlanan halkara başlangyç bolup, bu ýurtlaryň Hytaý bilen aradaky söwda gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam berer.